Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi öz işine başlady

09:3524.09.2024
0
32075

Şu gün Aşgabatdaky Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi öz işine başlady.

TDH-nyň habar bermegine görä, Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirilýän umumymilli forumyň gün tertibine mähriban halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmäge, şeýle hem ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösüş we rowaçlyk ýoly bilen üstünlikli öňe gitmegine gönükdiriden möhüm meseleler girizildi.

Hakyky halk häkimiýetiniň gadymdan gelýän milli däplerinden hem-de häzirki türkmen jemgyýetiniň demokratik kadalaryndan ugur alyp, ýurdumyzyň ýokary wekilçilikli edarasynyň mejlisine gatnaşmak üçin jemgyýetiň ähli gatlaklarynyň we dürli nesilleriň wekilleri – talyp ýaşlar, hormatly ýaşulular we kümüş saçly eneler çagyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň