Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

1146 adam Türkmenistanyň raýatlygyna kabul ediler

00:3721.09.2024
0
14847

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli, ýurtda ýaşaýan we raýatlygy bolmadyk 1146 adam Türkmenistanyň raýatlygyna kabul ediler. Şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow degişli resminama gol çekdi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek we ýurtda ýaşamak üçin ygtyýarnamalary bermek meseleleri boýunça geçirilen işler barada hasabat berdi.

Hasabatda aýdylmagyna görä, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi we ýurduň ygtyýarly döwlet edaralary tarapyndan Türkmenistanyň çäklerinde hemişelik ýaşaýan we döwletiň raýatlygyna kabul edilmegi baradaky şahsy ýüztutmalary hasaba alnan 1146 adamyň raýatlyga kabul edilmegi boýunça degişli işler geçirildi. Olar 29 milletiň wekilleri bolup durýar.

Hasabatda köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanlary bilen, ýurtda ýaşaýan we şol bir wagtyň özünde hiç bir döwletiň raýaty bolmadyk 30998 adamyň Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilendigi barada hem aýdyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň