Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

19-njy sentýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

15:4319.09.2024
0
9844

Türkmenistanda Täjigistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli dabaraly kabul edişlik geçirildi, Mongoliýanyň Prezidenti döwlet sapary bilen Türkmenistana geler, Aşgabatda ussat gülçüleriň arasynda bäsleşik geçirildi we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Aşgabatda Täjigistan Respublikasynyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli resmi kabul edişlik geçirildi. Täjigistanyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan guralan bu çäre «Ýyldyz» myhmanhanasynda geçirildi. Täjigistanyň ilçisi Wafo Niýatbekzoda öz çykyşynda iki ýurduň arasynda strategiki hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm öňegidişlige ünsi çekip, iki taraplaýyn türkmen-täjik gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň möhümdigini aýtdy.

2. Mongoliýanyň Prezidenti döwlet sapary bilen Türkmenistana geler. Düýn Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow we Mongoliýanyň ilçisi Doržiýn Baýarhuu sapara taýýarlyk görmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de gatbaşyklary daşary syýasat edaralarynyň üsti bilen ösdürmegiň geljegi barada pikir alyşdylar.

3. Aşgabatda «Güller – gözelligiň we parahatçylygyň aýdymy» atly ussat gülçüleriň arasynda bäsleşik geçirildi. Çärä dört topar gatnaşdy, olaryň hersine üç sany tejribeli gülçi wekilçilik etdi. Toparlar özboluşly gül bezeglerini döretmek sungatynda bäsleşdiler we ýokary ussatlyk derejesini görkezdiler.

4. Şu gün Türkmkenistanda Oba hojalygynyň gazananlaryna bagyşlanan sergi hem-de «Oba hojalyk ekinleriniň tohumçylygynda ýetilen sepgitler we öňde durýan wezipeler» atly halkara ylmy maslahat öz işine başlady. Bu çäreler ýurduň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygynyň öňüsyrasynda geçirilýär we Türkmenistanyň oba hojalygyndaky üstünliklerini şöhlelendirmäge gönükdirilendir. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bu çärelere gatnaşyjylara iberen Gutlagynda oba hojalygyny toplumlaýyn ösdürmek boýunça döwlet tarapyndan möhüm tagallalaryň durmuşa geçirilýändigini nygtady. Döwlet Baştutany türkmen alymlary we hünärmenleri tarapyndan ekinleriň ýokary hasylly, welaýatlaryň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän täze sortlarynyň döredilip, önümçilige giňden ornaşdyrylýandygyny belledi.

5. Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Russiýa Federasiýasynyň ilçisi Iwan Wolynkin bilen duşuşyk geçirdi. Onda iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşyklaryň esasy ugurlaryna garaldy. Gepleşikleriň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn üns çekildi. Taraplar hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary barada pikir alyşdylar we Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky gatnaşyklary berkitmegiň möhümdigini nygtadylar.

Dünýäde

6. Alymlar taryhda ilkinji gezek adamyň aradan çykan pursatyndaky beýni işjeňligini ýazga almagy başardylar. Bu waka 87 ýaşly epilepsiýa keselli hassanyň beýnisini gözden geçirdýän pursatynda ýüreginden tutmagy sebäpli duýdansyz aradan çykan wagty bolup geçdi. Kanadaly alymlar ýüregiň durmagyndan 30 sekunt öň we soň beýniniň işleýşindäki üýtgeşmeleri seljermek üçin özboluşly bir mümkinçilik aldylar. Gözlegiň netijeleri adatça ýatlamalar we düýşler bilen baglanyşykly «gamma yrgyldamalarynyň» has-da artandygyny görkezdi. Bu gözegçilik ýaşaýşyň soňky pursatlarynda adamlaryň ýaşan ýyllarynyň bölekleýin ýatlamalaryny başdan geçirip biljekdigi baradaky köpden bäri bar bolan çaklamany ylmy taýdan tassyklap biler.

7. Norwegiýa elektrikli ulaglaryň sany benzin bilen işleýän ulaglaryň sanyndan köp bolan dünýädäki ilkinji ýurt boldy. Norwegiýada elektromobilleriň üstünlik gazanmagy esasan döwlet syýasaty bilen baglanyşyklydyr: elektrikli awtoulaglaryň eýeleri satuwdan gelýän girdeji we zyňyndy salgytlaryndan boşadylýar, şeýle hem olar awtoulag duralgasynda ýeňillikden peýdalanýarlar. Bu çäreler Norwegiýa ekologiýa taýdan arassa ulaglara geçişde dünýäde öňdebaryjy ýurt bolmaga mümkinçilik berdi.

Sport

8. Türkmenistanyň «Altyn asyr» futbol topary AFK-2 Çempionlar ligasynyň birinji tapgyrynda Yragyň «Eýr Fors» toparyndan ýeňildi. Duşuşyk Bagdatda geçirildi we 2:1 hasabynda tamamlandy. «Eýr Fors» toparynyň futbolçylary 50-nji minutda Karlos Salazaryň goly netijesinde hasaby açdylar. Şeýle-de bolsa, türkmen topary yza çekilmedi we 70-nji minutda Myrat Annaýew hasaby deňledi. Duşuşyk deňme-deň tamamlanjak ýalydy, ýöne oýnuň esasy wagtynyň gutarmagyna iki minut galanda Hiran Ahmed «Eýr Forsy» öňe saýlap, ahyrky hasaby kesgitledi. «B» toparçanyň beýleki duşuşygynda Saud Arabystanynyň «Al-Tawun» topary myhmançylykda Bahreýniň «Al-Haldiýasyny» 3:2 hasabynda ýeňdi. 2-nji oktýabrda «Aşgabat» stadionynda «Altyn asyr» «Al-Haldiýa» bilen duşuşar, «Eýr Fors» bolsa myhmançylykda «Al-Tawuna» garşy oýnar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň