Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen ilçisi Bolgariýanyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy

23:1918.09.2024
0
4567
Türkmen ilçisi Bolgariýanyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy
Surat: president.bg

Şu gün Türkmenistanyň Bolgariýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Moskwa ş.) Esen Aýdogdyýew Bolgariýa Respublikasynyň Prezidenti jenap Rumen Radewe ynanç hatyny gowşurdy.

Türkmenistanyň Moskwadaky diplomatik wekilhanasynyň habar bermegine görä, Bolgariýanyň Baştutany türkmen diplomatyny ýokary wezipä bellenmegi bilen gutlady we işinde üstünlik gazanmagy arzuw etdi, şeýle hem iki ýurduň halklarynyň bähbitlerine laýyk gelýän Türkmenistan bilen Bolgariýanyň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň dowam etjekdigine ynam bildirdi.

Türkmenistanyň ilçisi öz gezeginde Bolgariýanyň Prezidentini iki ýurduň arasynda ýola goýlan hoşniýetli dostlukly gatnaşyklaryň we strategik hyzmatdaşlygyň işjeň dowam etdiriljekdigine ynandyrdy we netijeli işlemek üçin döredilýän mümkinçilikler üçin, türkmen tarapynyň adyndan hoşallyk bildirdi.

Söhbetdeşlikde ikitaraplaýyn esasda we halkara guramalaryň çäginde Türkmenistan bilen Bolgariýanyň arasyndaky syýasy-diplomatik gepleşikleri has-da güýçlendirmegiň ähmiýeti bellenildi. Şunda özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ähmiýetine üns çekildi. Şu nukdaýnazardan, ikitaraplaýyn Hökümetara türkmen-bolgar ykdysady hyzmatdaşlyk toparynyň işiniň möhüm ähmiýeti bellenilip geçildi.

Iki dostlukly döwletiň arasynda medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda Bolgariýa Respublikasynyň Prezidenti Rumen Radew türkmen halkynyň Milli Liderine we Türkmenistanyň Prezidentine mähirli salamlaryny we hoşniýetli arzuwlaryny beýan etdi.

Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň 28-nji iýunynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Esen Aýdogdyýewi, şol bir wagtda, Türkmenistanyň Bolgariýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň