Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Kasym-Žomart Tokaýew Germaniýanyň Kansleri Olaf Şolsy kabul etdi

10:4417.09.2024
0
3314
Kasym-Žomart Tokaýew Germaniýanyň Kansleri Olaf Şolsy kabul etdi
Surat: zhaikpress.kz

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Akordada ýurda ilkinji gezek resmi sapar bilen gelen Germaniýanyň federal kansleri Olaf Şolsy kabul etdi diýip, «MIR 24» habar berdi.

Berlin üçin Astana Merkezi Aziýada ilkinji nobatda esasy söwda hyzmatdaşydyr. Germaniýanyň daşary söwdasynyň 80 göterimden gowragy Gazagystana degişlidir. Ýylyň başyndan bäri ýurtlaryň arasyndaky haryt dolanyşygy 13 göterim artyp, 2 mlrd 300 mln dollara deň boldy.

Ikiçäk we giňişleýin düzümde geçen gepleşiklerde syýasy, söwda-ykdysady, medeni-gumanitar ugurlarda gatnaşyklary berkitmek barada pikir alşyldy. Aýratyn hem energetika, senagat, dag-magdan, ulag-logistika, howanyň üýtgemegi, ekologiýa, oba hojalyk we bilim barada gürrüň edildi.

Iki ýurduň döwlet Baştutanlary Gazagystan bilen Germaniýanyň arasynda hyzmatdaşlyk barada bilelikdäki Beýannama we başga-da birnäçe resminamalara gol çekdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň