Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda iri Sarahs – Mary – Serhetabat awtomobil ýolunyň gurluşygy barada ylalaşyga gol çekildi

17:0216.09.2024
0
19398

10-11-nji sentýabr aralygynda Aşgabatda geçirilen «TIF – 2024» Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň çäklerinde özara düşünişmek hakynda möhüm çarçuwaly ylalaşyga gol çekildi. «Ojar Aziya» hususy kärhanasy we Hytaýyň «Sinohydro Bureau 12 Co., Ltd.» kompaniýasy Sarahs – Mary – Serhetabat awtomobil ýolunyň gurluşygynda hyzmatdaşlyk etmek barada ylalaşdylar.

Gurulmagy meýilleşdirilýän uzynlygy takmynan 450 km bolan ýokary tizlikli awtomobil ýoly Türkmenistanyň Ahal we Mary welaýatlarynyň çäginden geçer. Taslama ýol howpsuzlygyny üpjün etmek üçin ýörite bölüjiler bilen enjamlaşdyrylan ini 50 metr bolan 8 zolakly döwrebap ýoluň döredilmegini göz öňünde tutýar.

Gurluşyk halkara standartlaryna laýyklykda, döwrebap tehnologiýalar we gurluşyk serişdeleri, şol sanda asfaltbeton, sintetiki örtük, geoporlar we ýol gatlagynyň hilini ýokarlandyrmak üçin ýörite torlar ulanylyp amala aşyrylar.

Taslamany daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegiň hasabyna maliýeleşdirmek meýilleşdirilýär. Awtomobil ýolunyň hereket etmeginden, şeýle hem ýoluň ugrunda guruljak binalaryň we desgalaryň kärendesine berilmeginden gelýän girdejiler arkaly maliýe serişdelerini yzyna gaýtarmak göz öňünde tutulýar.

Taslamany durmuşa geçirmek üçin halkara konsalting kompaniýalarynyň bilermenleri we hünärmenleri, şeýle hem daşary ýurtlardan zerur maddy-tehniki çeşmeler çekiler.

Häzirki wagtda gurluşygyň çyzgy taslamasy taýýarlanyldy hem-de BAE-den, Beýik Britaniýadan, Germaniýadan we Hytaýdan halkara guramalar bilen maliýeleşdirmek boýunça gepleşikler alnyp barylýar.

Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi Türkmenistany sebitdäki möhüm ulag merkezine öwürmäge we halkara ulag-aragatnaşyk ulgamyndaky ornuny pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň