Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň ilçisi Hytaýdaky türkmen talyplar bilen duşuşdy

15:0716.09.2024
0
3676

Täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli hem-de Garaşsyzlygyň 33 ýyllygyna bagyşlanylyp Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky ilçisi Parahat Durdyýew Pekin şäherindäki Hytaý nebit uniwersitetinde bilim alýan türkmenistanly talyplar bilen duşuşdy.

Diplomat duşuşykda eden çykyşynda Türkmenistanda ýaşlar syýasatynyň durmuşa geçirilişi we ýurtda zehinli ýaşlary ýüze çykarmak babatda görülýän çäreler barada gürrüň berdi. Şeýle-de ol türkmen ýaşlarynyň halkara derejedäki sport ýaryşlarynda we intellektual bäsleşiklerde gazanan üstünlikleri barada durup geçdi.

Mundan başga-da, ilçi P.Durdyýew bu ýokary okuw mekdebiniň rektory bilen hem duşuşyp, oňa Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyny sowgat berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň