Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Gruziýada Magtymguly Pyragynyň gruzin dilindäki goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

12:4914.09.2024
0
4946

Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasynyň guramagynda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň gruzin dilindäki goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu barada ilçihananyň resmi saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, tanyşdyryş dabarasyna Gruziýanyň Parlamentiniň, esasy ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri, Gruziýada akkreditlenen daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, Gruziýanyň Milli ylymlar akademiýasynyň, Milli golýazmalar merkeziniň, Ýazyjylaryň döredijilik birleşiginiň, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, professor-mugallymlary, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň wekillerinden, medeniýet we sungat ussatlaryndan ybarat bolan wekiliýet hem gatnaşdy.

Gruziýanyň daşary işler ministriniň orunbasary L.Darsalia çykyş edip, Türkmenistany ýetip gelýän Garaşsyzlyk güni bilen gutlady we iki ýurduň birek-birege hormat, deňhukuklylyk we aç-açanlyk ýörelgeleri esasynda ýola goýlan, däp bolan dost-doganlyk gatnaşyklarynyň birleşdirýändigini belledi. Şeýle hem, türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň okgunly ösdürilmeginiň yzygiderli syýasy dilaloga esaslanýandygy bellenildi.

Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi D.Seýitmämmedow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň daşary syýasatynyň strategiki ugurlarynyň biri hökmünde ählumumy parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmakda oňyn halkara dialogyny ilerletmegiň, sebit we dünýä derejesinde konstruktiw hyzmatdaşlygy ösdürmegiň çykyş edýändigini belledi.

Şeýle hem ilçi Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň gruzin diline terjime edilmeginiň iki ýurduň arasyndaky dostlugyň, doganlygyň we ýakyn hyzmatdaşlygyň ýene bir aýdyň subutnamasy bolup durýandygyny nygtady.

Gruziýanyň Ýazyjylarynyň döredijilik birleşiginiň başlygy Makwala Gonaşwili döredijilik mirasy dünýäniň ruhy hazynasynyň aýrylmaz bölegine öwrülen türkmen halkynyň beýik oglunyň goşgularynyň terjimesiniň üstünde işlemegiň özi üçin uly mertebe bolandygyny belledi.

Gruziýanyň tehniki uniwersitetiniň rektory D.Gurgenidze Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň bütin dünýäde tanalýandygyny we oňa ýokary bahanyň berilýändigini, şeýle hem gruzin dilindäki bu kitabyň gruzin şygryýet söýüjilerine şahyryň zehininiň çuňlugyny, özboluşlylygyny açmaga kömek etjekdigini nygtady.

Çäräniň dowamynda türkmen we gruzin halk aýdymlary ýerine ýetirildi, myhmanlara türkmen milli tagamlary hödürlendi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň