Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

14-nji sentýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

11:2314.09.2024
0
8898

Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, Aşgabat şäheriniň «Parahat 7» ýaşaýyş toplumynda ýaşaýyş jaýlarynyň we seýilgähiň açylyş dabaralary geçiriler, Hytaýda söwda merkeziniň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň pawilýony tanyşdyryldy we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň gün tertibine döwlet durmuşynyň birnäçe möhüm meseleleri girizildi. Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

2. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramyna gabatlanyp Aşgabatda täze durmuş maksatly binalaryň ulanmaga berilmegi mynasybetli dabaralary geçirmek meýilleşdirilýär. Hususan-da, «Parahat-7» ýaşaýyş toplumynda her biri 54 öýli 4 sany 9 gatly hem-de her biri 36 öýli 9 sany 9 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň we seýilgähiň açylyş dabaralary geçiriler. Şunuň bilen baglylykda, medeni-durmuş maksatly binalary abatlamak, olaryň ýanaşyk ýerlerini, seýilgähleri, baglary, suw çüwdürimlerini abadanlaşdyrmak, şeýle hem bezeg güllerini ekmek boýunça işler yzygiderli alnyp barylýar. Şäheriň baýramçylyk bezegine aýratyn ähmiýet berilýär.

3. «Merkezi Aziýa — Szýansu» söwda merkeziniň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň söwda pawilýony tanyşdyryldy. Köp gatly merkez Merkezi Aziýa ýurtlarynyň kompaniýalary üçin köpugurly meýdança bolup hyzmat eder. Şeýle hem açylyş dabarasynda Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň eksport önümleriniň sergisi görkezildi. Merkeze «QazTrade» Milli çig mal däl eksporty ösdürmek we ilerletmek instituty we «SOHO» kompaniýasy gözegçilik ederler. Kompaniýanyň düzümine 380-den gowrak kärhana girýär.

4. Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew raýat awiasiýasy pudagynyň hünärmenleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. «Türkmenhowaýollary» agentliginiň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebiniň binýadynda Halkara raýat awiasiýasy guramasynyň maksatnamasyna laýyklykda okuwlar guralar. Maksatnamanyň çäklerinde ýurduň halkara howa menzilleriniň ýük dolanyşygyny artdyrmak we ýük ammarlarynyň kuwwatyndan netijeli peýdalanmak, halkara ýük howa gatnawlarynyň sanyny artdyrmak maksady bilen, amaly okuwlary guramak meýilleşdirilýär.

5. Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda wise-premýer Batyr Atdaýew Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli ýurduň ykdysady üstünlikleriniň sergisini guramak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Sergini 19-njy sentýabrda «Garagum» myhmanhanasynyň ýanyndaky meýdançada guramak meýilleşdirilýär. Sergide Prezident Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan özgertmeler, şeýle hem ýurduň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünlikleri görkeziler. Forumyň çäklerinde döwlet we hususy kärhanalaryň täze önümleri, maýa goýum taslamalary we ykdysadyýetiň dürli pudaklarynyň geljekki ösüş maksatnamalary tanyşdyrylar.

6. Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň koreý dili kafedrasyna koreý dilindäki 165-e golaý kitaplary sowgat berdi. Sözleýiş dili, diňleýiş, ýazuw we okamak ýaly köp sanly mowzugy öz içine alýan kitaplar ýygyndysy dürli dil bilimi derejelerinde okaýan talyplar üçin niýetlenendir.

7. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabatda Merkezi Aziýa ýurtlary üçin Howa tehnologiýalary boýunça sebit merkezini döretmek boýunça brifing geçirildi. Şeýle hem Türkmenistanda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmek meselesi hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Brifinge Türkmenistanyň degişli pudak edaralarynyň, Türkmenistanda akkreditlenen daşary ýurtlaryň hem-de halkara guramalaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Şeýle hem çäräniň gün tertibine tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak, energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak we Türkmenistanda alternatiw «ýaşyl» energiýa çeşmelerini işjeň ulanmak bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

В МИРЕ

8. «Turkish Airlines» uçýan ugurlarynyň giňelýändigini habar berdi. 2024-nji ýylyň 4-nji dekabryndan başlap, awiakompaniýa Awstraliýanyň iň uly şäheri bolan Sidneýa uçup başlar we bu awiakompaniýanyň bu yklyma ilkinji göni gatnaw ugry bolar. Stambul bilen Sidneýiň arasyndaky gatnawlar hepdede dört gezek döwrebap «Airbus A350» uçarynda amala aşyrylar. Uçuşyň dowamynda Kuala-Lumpurda tehniki gonuş göz öňünde tutulýar.

9. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy maýmyn mamasy keseline garşy ilkinji sanjymy tassyklady. Daniýada döredilen bu derman deslapky synagdan üstünlikli geçdi. Bu amal sanjymy ösýän ýurtlarda satyn almak üçin gollanma bolup hyzmat edýän dermanlaryň resmi sanawyna girizmäge mümkinçilik berýär. BSGG-niň Baş direktory bu wakanyň ähmiýetini nygtady we muny häzirki wagtda Afrikada keseliň tiz ýaýramagy bilen baglylykda hem-de geljekki öňüni alyş çäreleri üçin «kesele garşy göreşde möhüm ädim» diýip atlandyrdy.

Sport habarlary

10. Halkara gimnastika federasiýasynyň prezidenti Morinari Watanabe Aşgabat şäherine saparynyň dowamynda ýaş türkmen gimnastikaçysy Fatima Kambarowanyň zehinini nygtady. Bu waka çeper gimnastika boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň görkezme çykyşyndan soň boldy. Topar halka, lenta we top ýaly dürli esbaplary ulanyp, toparlaýyn görkezme çykyş taýýarlady. Gimnastikaçylaryň arasynda Fatima Kambarowa zehini bilen FIG-niň ýolbaşçysynyň aýratyn ünsüni çekdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň