Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Turkish Airlines» dekabrdan başlap Sidneýe gatnaw ugruny açýar

10:2914.09.2024
0
10110

«Turkish Airlines» gatnaw ugurlarynyň toruny giňelýändigi barada habar berdi. 2024-nji ýylyň 4-nji dekabryndan başlap, awiakompaniýanyň uçarlary Awstraliýanyň iň uly şäheri bolan Sidneýe uçuşlary amala aşyryp başlar. Munuň özi awiakompaniýanyň şol yklyma ilkinji göni howa gantaw ugry bolar.

Stambul bilen Sidneýiň arasyndaky gatnawlar hepdede dört gezek, Kuala-Lumpurda tehniki duralgasy bilen häzirki zaman Airbus A350-900 uçarlarynda amala aşyrylar. Bu çözgüt diňe bir «Turkish Airlines» awiakompaniýasynyň Awstraliýanyň bazaryndaky ornuny berkitmek bilen çäklenmän, Türkiýe bilen Awstraliýanyň arasynda syýahatçylygyň, söwda we medeni gatnaşyklaryň ösmegine hem uly goşant goşar.

Täze gatnaw ugrunyň açylmagy mynasybetli, «Turkish Airlines» ýörite nyrhnamalary hödürleýär. Oňa laýyklykda, Sidneýden — Stambula uçuşyň bahasy 1489 awstraliýa dollaryna (AUD), Stambuldan — Sidneýe uçuşyň bahasy — 999 ABŞ dollaryndan başlanýar. Bu aksiýadan 2024-nji ýylyň 4-nji dekabryndan — 2025-nji ýylyň 31-nji maýyna çenli boljak uçuşlar üçin 2024-nji ýylyň 12-nji sentýabryndan — 31-nji dekabry aralygynda awiapetek satyn alýanlar peýdalanyp bilerler.

Sidneý dünýä ýüzünde opera teatry we Harbor-Brij köprüsi ýaly ajaýyp ýerleri bilen meşhur bolup, işewürligiň, syýahatçylygyň we sungatyň ajaýyp merkezleriniň biridir. «Turkish Airlines-yň» ýolagçylary indi işewürlik we dynç alyş maksatly bu täsin şähere syýahat etmek bilen, awiakompaniýanyň hyzmatlarynyň rahatlygyndan we myhmansöýerliginden hem peýdalanarlar.

Habarlaşmak üçin:

  • ýerleşýän salgysy: G.Kulyýew köçesi, 39-njy jaý, «Ussat» binasy;
  • elektron poçta salgysy: askabatbiletsatis@thy.com;
  • telefon belgisi: (+993 61) 01 44 33;
  • web saýty: turkishairlines.com.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň