Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Mejlisiň Başlygy Wengriýanyň ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi

09:1513.09.2024
0
7074

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça şu gün Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Wengriýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ýožef Rožadan ynanç hatyny kabul etdi.

Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanynyň adyndan ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda üstünlikli ösdürilýän dostlukly gatnaşyklaryň hem-de netijeli döwletara dialogyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen işinde oňa üstünlikleri arzuw etdi.

Ilçi Türkmenistanda öz ýurduna wekilçilik etmegiň uly hormatdygyny nygtady.

Duşuşygyň barşynda diplomat Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, şeýle hem milli parlamentiň işi bilen tanyşdyryldy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar milli kanunçylygy we parlament işini kämilleşdirmekde tejribe alyşmaga, iki döwletiň hyzmatdaşlyga bolan mümkinçilikleri bilen tanyşmaga, halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmäge giň mümkinçilikleriň bardygyny kanagatlanma bilen bellediler.

Wengriýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ýožef Roža duşuşygyň ahyrynda iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmek üçin öz tarapyndan ähli tagallalary gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň