Çalgy ýaglaryny öndüriji «Asuda akym» hojalyk jemgyýeti «Şir Ýag» haryt nyşanly çalgy ýaglary bilen bazardaky ornuny işjeň giňeldýär. Kompaniýa çalgy ýaglarynyň ulanylyşyny talap edýän senagatyň ähli pudaklaryny diýen ýaly öz içine alýan önümleriň giň toplumyny hödürleýär.
«Şir Ýag» çalgy ýaglarynyň önüm hataryna ýolagçy awtoulaglarynyň we ýeňil ulaglaryň hereketlendirijileri üçin çalgy ýaglary, agyr söwda ulaglary, dişli geçirijiler we transmissiýalar, oba hojalygy tehnikasy, gidrawlik ulgamlar, şeýle hem senagat enjamlarynyň çalgy ýaglary ýaly önümleriň 25 dürli görnüşi girýär.
25 000 inedördül metr meýdanda ýerleşýän çalgy ýag zawody günde 80 tonna we ýylda 20 000 tonna barabar önümçilik kuwwatyna eýedir. Munuň özi kompaniýanyň içerki we daşarky bazarlarda ýokary hilli ýaglaryna bolan islegleri kanagatlandyrmagyna mümkinçilik berýär.
«Şir Ýag» önümleriniň görnüşleri bilen has ýakyndan tanyş bolmak isleýänlere kompaniýa öndürilen çalgy ýaglary barada doly maglumatlary ýetirýän siryag.com resmi web saýtyna girmegi teklip edýär.
Habarlaşmak üçin:
- ýerleşýän salgysy: Aşgabat ş., Täçmämmet Suhangulyýew köçesi, 43-nji jaý;
- telefon belgisi: (+993 61) 41 32 72.
Şeýle-de okaň: