Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Suhumi döwlet uniwersitetinde Magtymguly Pyragy auditoriýasy açyldy

10:4812.09.2024
0
6861

11-nji sentýabrda beýik türkmen şahyrynyň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, Tbilisi şäherinde ýerleşýän Suhumi döwlet uniwersitetinde Magtymguly Pyragynyň auditoriýasynyň açylyş dabarasy geçirildi. Suhumi döwlet uniwersitetiniň ýakyndan ýardam bermeginde Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy tarapyndan bu auditoriýanyň tanyşdyrylyşyny guraldy.

Ilçihananyň Metbugat gullugynyň habaryna görä, çärä Türkmenistandan gelen wekiliýet, uniwersitetiň professor-mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi D.Seýitmämmedow bu ýere ýygnananlaryň öňünde çykyş edip, medeni-ynsanperwer ugrunyň häzirki zaman türkmen-gruzin döwletara gepleşikleriniň aýrylmaz bölegi bolup durýandygyny belläp geçdi. Häzirki wagtda dünýäde medeni gepleşikleriň orny we ähmiýeti barha artýar. Bu bolsa, ýurtlaryň arasynda özara hormat goýmak, deňhukuklylyk we aç-açanlyk esasynda gurnalýan gatnaşyklary pugtalandyrmagyna ýardam edýän intellektual meýdança bolup çykyş edýär.

Habarda bellenilişi ýaly, çärä gatnaşan türkmen wekiliýetiniň agzalary akyldar Magtymguly Pyragynyň ynsanperwerlige, päklige we agzybirlige çagyrýan eserleriniň bütin adamzat bahasyna ýetip bolmajak baýlykdygyny bellediler.

Suhumi döwlet uniwersitetiniň rektory Z.Honelidze, Magtymguly Pyragy adyndaky auditoriýasynyň açylmagy gruzin halkynyň Magtymguly Pyragynyň döredijiligi, türkmenleriň taryhy, medeniýeti, däp-dessurlary bilen giňden tanyşmagyna, şeýle hem oňyn ynsanperwer gepleşikleriň, dostlukly gatnaşyklaryň we iki ýurduň halklarynyň arasynda özara düşünişmegi berkitmäge goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.

Çäräniň soňunda türkmenistanly sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde türkmen halk sazlary ýaňlandy diýlip, habarda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň