Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Hekem» kärhanasynyň hünärmenleri strategik çözgütleri kabul etmekde işewürligi bahalandyrmagyň möhümdigini belleýärler

14:1309.09.2024
0
10485

«Hekem» kärhanasynyň hünärmenleri bazarda bäsdeşligiň we üýtgeşmeleriň barha artýan häzirki döwründe strategiki çözgütleri kabul etmek üçin işewürlige professional baha bermegiň möhüm ähmiýetini belleýärler. Kompaniýanyň bilermen-hünärmenleri bu guralyň ýolbaşçylaryň bilmejek käbir görünmeýän müşgilliklerini hem-de mümkinçilikleri ýüze çykaryp biljekdigini aýdýarlar.

«Mysal üçin, kompaniýa alyp barýan işiniň käbir ugurlarynyň indi garaşylýan girdejini getirmeýändigine göz ýetirip biler. Işewürligiň bahalandyrylmagy her bölüme obýektiw baha bermäge we girdejileri has geljegi uly ugurlara gönükdirip, girdeji getirmeýän emläkleri üýtgedip gurmak ýa-da satmak barada karar bermäge mümkinçilik döredýär» diýip, «Hekemiň» wekili gürrüň berýär.

Işewürligi bahalandyrmak strategiki dolandyryşyň bäş sany esasy ugrunda möhüm hyzmaty ýerine ýetirýär:

1. Häzirki ýagdaýa we meýilnamalaşdyryşa baha bermek üçin kompaniýanyň hakyky bahasyny kesgitlemek.

2. Adalatly bahany kesgitlemäge mümkinçilik berýän birleşmelerde we satyn alyşlarda goldaw.

3. Maliýe dolandyryşy üçin kapitalyň gurluşyny optimizirlemek. Kapitalyň amatly gurluşy kompaniýanyň bazardaky durnuklylygyna täsir edýän karzy we şahsy serişdeleri netijeli dolandyrmaga ýardam edýär.

4. Häzirki gymmata esaslanýan strategiki meýilnamalaşdyryş we ösüş. Işewürlige baha bermek kompaniýanyň strategiýasyny işläp düzmekde we düzetmekde möhüm guraldyr. Ol dolandyryşa haýsy işewürlik ugurlarynyň iň geljegi uly ugurdygyny we olary ösdürmek üçin haýsy çeşmeleriň bölünip berilmelidigini kesgitlemäge mümkinçilik berýär.

5. Howplary azaltmak we durnuklylygy üpjün etmek üçin töwekgelçilikleri seljermek we dolandyrmak.

«Hekem» kärhanasynyň hünärmenleri ygtybarly netijeleri almak üçin bahalandyrmanyň buhgalterlik hasaby, hukuk we ykdysadyýet ugurlary boýunça giňişleýin bilimi bolan tejribeli hünärmenler tarapyndan geçirilmelidigini nygtaýarlar. Kompaniýanyň baha berýän hünärmenleri Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan hökmany attestasiýalary geçýärler. Bu bolsa ýetirilýän hyzmatlaryň ýokary hillidigini kepillendirýär.

«Hekem» guramaçylygyň görnüşi, kärhananyň gurluşy, maliýe akymlary, işewürlik abraýy hem-de ykdysady potensial ýaly köp sanly faktorlary göz öňünde tutup, işewürlige baha bermäge toplumlaýyn çemeleşmäni hödürleýär. Kompaniýa şeýle giňişleýin seljermäniň müşderilere işewürlikde uzak möhletleýin üstünlik gazanmagyna goşant goşýan strategiki çözgütleri kabul etmäge esas bolýandygyny nygtaýar.

Işewürligi bahalandyrmak hyzmatlary barada has giňişleýin maglumat almak üçin «Hekem» kärhanasy gyzyklanma bildirýän taraplary kompaniýanyň Aşgabatdaky ofislerine ýüz tutmaga çagyrýar:

  • 10 ýyl abadaçylyk köçesi, 98-nji jaý;
  • Andalyp köçesi (Mir), «Söwda we işewürlik merkezi» binasy.

Habarlaşmak üçin:

  • telefon belgileri: (+993 12) 47 81 15, (+993 62) 00 70 70;
  • web saýty: www.hekem.com.tm;
  • еlektron poçtasynyň salgysy: hekem.info@gmail.com.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň