Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Tatneft» TNGIZT-de lukmançylyk üçin niýetlenilen polipropilen önümlerini öndürmek meselesini öwrenýär

18:0103.09.2024
0
6695
«Tatneft» TNGIZT-de lukmançylyk üçin niýetlenilen polipropilen önümlerini öndürmek meselesini öwrenýär
Surat: plastinfo.ru

Russiýanyň «Tatneft» kompaniýasy Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda (TNGIZT, TKNZ, Türkmenistan) lukmançylyk üçin niýetlenilen polipropilen önümlerini öndürmek meselesini, şeýle hem duzly erginleri we dermanlary öndürmek üçin bu ýurtda lukmançylyk toparyny döretmek mümkinçiligin öwrenýär. Bu barada «Tatneftiň» Türkmenistandaky şahamçasynyň direktory Ildar Burganowyň sözlerine salgylanyp, «TASS» habar berýär.

«Türkmen tarapynyň teklibi boýunça Türkmenistanyň çäginde lukmançylyk polipropilenini öndürmek meselesini öwrenýäris. Önümçiligi guramak üçin etilen önümçilik toplumynda goşmaça desgalaryň gurulmagy we bar bolan polipropilen önümçilik toplumynyň durkunyň täzelenmegi zerurdyr» diýip, Ildar Burganow belleýär.

Mundan başga-da, «Tatneftiň» Türkmenistandaky şahamçasynyň direktory kompaniýanyň şu ýylyň ahyryna çenli ýurtdaky Goturdepe ýatagyndan 800 müň tonnadan gowrak nebit gazyp almagy meýilleşdirýändigini mälim etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň