Top.Mail.Ru

Türkmenistanda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyga badalga berildi

15:1603.09.2024
0
5946

Her ýylyň sentýabrynda bolşy ýaly, Türkmenistanda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyga badalga berildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň guramagynda Halkara okuw-ylmy merkezinde pudagara maslahat geçirildi. Bu barada "Türkmenistan" gazetinde habar berilýär.

Bellenilişi ýaly, maslahata saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri, Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, Bilim ministrliginiň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň wekilhanasynyň wekilleri gatnaşdylar. Onuň dowamynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny we «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny mundan beýläk-de üstünlikli amala aşyrmagyň wezipeleri, «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäginde geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bu biraýlygyň çärelerini göwnejaý guramak maksady bilen, ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary hem-de jemgyýetçilik guramalary tarapyndan ýörite meýilnama taýýarlanyp, bu ugurda ýerine ýetirilmeli işler kesgitlenildi.

Oňa laýyklykda, biraýlygyň dowamynda köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ýörite gepleşikler, «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlikler, makalalar, wideorolikler taýýarlanyp, halk köpçüligine ýetiriler. Bilim edaralarynda, kärhanalarda, guramalarda ýol hereketiniň kadalary, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak bilen baglanyşykly öwüt-ündew çäreleri geçiriler. Şeýle hem biraýlygyň şygary bilen baglylykda ýaşlaryň arasynda döredijilik bäsleşikleri, bilim edaralarynda terbiýelenýän körpeleriň arasynda dürli oýunlar guralar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň