Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda teatr sahnalarynyň we sirk tomaşalarynyň täze möwsümi açyldy

10:4503.09.2024
0
7797

Sentýabr aýynyň başlanmagy bilen Türkmenistanda teatr sahnalarynyň we sirk çykyşlarynyň täze möwsümi açyldy.

Türkmenistan: «Altyn asyr» saýtynyň habar berşi ýaly, teatr möwsüminiň açylyşy esasan Magtymguly Pyragynyň durmuşyna we döredijiligine bagyşlanan çykyşlar bilen başlandy.

Şeýlelik bilen, Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatry tomaşaçylary «Magtymguly – köňül guşy» spektaklyna, Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky Milli drama teatry bolsa öz tomaşaçylaryny «Akyldar» spektaklyna çagyrdy.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Türkmen milli sazly drama teatry täze möwsümini «Pursat» spektakly bilen, A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatry «Türkmeniň bagty» spektakly bilen, Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatry «Ýegdir galsa ýagşy at» spektakly bilen, Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky Döwlet drama teatry - «Älem nury» spektakly bilen açdy.

Türkmen döwlet gurjak teatry özüniň körpe tomaşaçylaryna Aladdin spektaklyny hödürledi.

Ýurdumyzyň welaýatlaryndaky teatr sungat ussatlary täze teatr möwsümine aşakdaky spektakllary taýýarladylar:

• Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatry – «Dowamatdyr, bagtyýardyr, sarsmaz türkmen binasy» spektaklyny;
• Daşoguz welaýatynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatry – «Magtymguly, sözlär tili türkmeniň» spektaklyny;
• Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatry – «Magtymguly, düşdüň yşkyň güzerine...» spektaklyny;
• Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatry – «Ajap eýýam» spektaklyny.

Türkmenistanyň Döwlet sirki möwsümi «Ganatly bedewler» sirk çykyşy bilen açdy.

Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky Döwlet atçylyk sirkinde «Galkynyşlaň öwşüni sen, Arkadag» atly sirk çykyşy boldy. Arkadag şäheriniň sirki tomaşaçylary hepdäniň her ýekşenbe güni sagat 15:00-da öz çykyşlaryna çagyrýar.

Bu ýerde siz akrobatlaryň, gimnastikaçylaryň, žonglýorlaryň, masgarabazlaryň, şadyýan maýmynlaryň, şeýle hem meşhur «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň jigitleriniň çykyşlaryna tomaşa edip bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň