Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Somali Federatiw Respublikasynyň ilçisi ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurdy

20:2627.08.2024
0
5040
Somali Federatiw Respublikasynyň ilçisi ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurdy
Surat: mfa.gov.tm

Şu gün, 27-nji awgustda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Somali Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Ankara ş.) Fathudin Ali Mohamed bilen duşuşyk geçirdi. Ilçi özüniň ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurdy.

Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklary hem-de halkara guramalaryň, hususan-da, BMG-niň we YHG-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlygy berkitmäge gyzyklanma bildirdiler.

Şeýle hem ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek üçin iň ýokary we ýokary derejelerdäki saparlaryň ähmiýeti bellenildi. Taraplar iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmek maksady bilen Türkmenistanyň we Somaliniň daşary syýasy edaralarynyň arasynda yzygiderli esasda syýasy geňeşmeleriň geçirilmegini goldadylar. Duşuşyga gatnaşyjylar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadynyň döredilmeginiň möhümdigini bellediler.

Medeni-ynsanperwerlik ugurdaky, hususan-da, ylym, bilim we saglygy goraýyş pudaklaryndaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge aýratyn üns berildi diýlip, habarda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň