Meýletinçileriň 1500-den gowragy Elbrus dagynyň etegini zibilden arassaladylar. Kabardin-Balkariýada «Arassa dag» ady bilen ekologiýa festiwaly geçdi diýip, «MIR 24» habar berýär.
Düýpli arassalaýyş işleri dagda deňiz derejesinden iki-dört müň metr belentliklerde geçirildi. Her bir meýletinçä işlemek üçin ýer bölnüp berildi we dagda hereket etmegiň düzgünleri öwredildi. Şeýle hem, Ýewropadaky iň uly dag belentliginiň ekologiýasyny goramagyň wajypdygy düşündirildi.