Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Şu hepde Türkmenistanda howanyň az-kem maýlamagyna garaşylýar

11:3726.08.2024
0
21060

Şu hepdäniň dowamynda Türkmenistanda howa +40 gradusa çenli yssy bolar. Bu Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň Türkmenistanda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumatynda aýdylýar. «Türkmenistan» gazetinde çap edilen maglumatda şeýle diýilýär.

Balkan welaýatynda az-kem bulutly, hepdäniň başynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +19... +24 gradusdan +23... +28 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +35... +40 gradus yssy, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +30... +35 gradus maýyl bolar.

Ahal welaýatynda az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +16... +21 gradusdan +21... +26 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +30... +35 gradus maýyldan +34... +39 gradus aralygynda yssy bolar.

Mary welaýatynda az bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 10 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +15... +20 gradusdan +19... +24 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +29... +34 gradus maýyldan +32... +37 gradus aralygynda yssy bolar.

Lebap welaýatynda az bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +14... +19 gradusdan +18... +23 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +29... +34 gradus maýyldan +33... +38 gradus aralygynda yssy bolar.

Daşoguz welaýatynda az-kem bulutly, hepdäniň başynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +14... +19 gradusdan +18... +23 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +28... +33 gradusdan +31... +36 gradus aralygynda maýyl bolar.

Aşgabatda az bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 10 — 12 metrden 13 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +18... +20 gradusdan +22... +24 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +31... +33 gradus maýyldan +36... +38 gradus aralygynda yssy bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň