Top.Mail.Ru

Aşgabatda «KidsExpo: ähli zat çagalar üçin» atly sergi-ýarmarkasy açyldy

11:3519.08.2024
0
9954

Şu gün Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda «KidsExpo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara köpugurly sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Müňlerçe myhmanlaryň ünsüni özüne çeken bu ajaýyp waka şäheriň körpeje raýatlary we olaryň ene-atalary üçin hakyky baýramçylyga öwrülmegi wada berýär.

«Garagum» myhmanhanasynyň arkasynda ýerleşýän Göçme sergi merkezinde ýaýbaňlandyrylan «Kids Expo» sergisiniň pawilýonlaryny şatlyk we çagalaryň gülküsi gurşap aldy. Bu ýerde oýunjaklardan we okuw esbaplaryndan başlap, moda egin-eşiklere, peýdaly azyk önümlerine we innowasion bilim programmalaryna çenli çaga durmuşynyň ähli ugurlaryny öz içine alýan önümleriň we hyzmatlaryň köp sanly görnüşleri hödürlenýär.

Çäräniň guraýjylary ähli ýaşdaky myhmanlar üçin baý we özüne çekiji maksatnama taýýarladylar. Serginiň ilkinji gününde myhmanlar çaga lybaslarynyň moda görkezişlerinden lezzet alyp, ýetginjekler we olaryň ene-atalary üçin hünär ugrukdyrmasy boýunça okuw sapagyna gatnaşyp bilerler, şeýle hem ýaş thekwondoçylaryň täsin çykyşyna tomaşa ederler.

Mundan başga-da, serginiň myhmanlary köp sanly ussatlyk sapaklarynda döredijilik dünýäsine aralaşyp bilerler, zehin şüweleňinde çagalaryň çykyşlaryndan lezzet alarlar, başarjaň animatorlar bolsa olaryň göwnüni göterer. Serginiň her bir burçy çagalygyň özboluşly gurşawyny döredip, şatlyk-şowhuna beslendi.

Täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda guralan mekdep bazary aýratyn ünsi çekýär. Bu ýerde ene-atalar mekdep okuwçylary üçin kanselýariýa harytlaryndan başlap, mekdep lybaslaryna çenli ähli zerur zatlary satyn alyp bilerler.

«KidsExpo: ähli zat çagalar üçin» 2024-nji ýylyň 22-nji awgustyna çenli dowam eder hem-de çagalyk dünýäsine aralaşmak, çaganyň bagtly we sagdyn ösmegi üçin ähli zerur zatlary tapmak üçin ajaýyp mümkinçilik döreder. Guramaçylar hemmeleri bu şatlykly we peýdaly çärä gatnaşmak mümkinçiligini elden gidirmezlige çagyrýarlar.

Sergä №1, 3, 22, 33 we 68-nji belgili awtobuslar bilen baryp bilersiňiz. Myhmanlara amatlylyk üçin awtoulag duralgasy göz öňünde tutulandyr.

Sergi barada goşmaça maglumatlary serginiň kids.turkmenexpo.com resmi saýtyndan ýa-da guramaçylar bilen habarlaşyp alyp bilersiňiz: info@turkmenexpo.com, (+993 63) 71 49 83.

«KidsExpo: ähli zat çagalar üçin» – bu diňe bir sergi däl, bu deňiňden geçirip bolmajak hakyky çagalyk baýramçylygydyr!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň