Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Kids Expo» halkara sergi-ýarmarkasy: hemme zat çagalar üçin

14:0218.08.2024
0
10563

Aşgabat çagalaryň şatlygynyň we bilimiň merkezine öwrülmäge giňden taýýarlyk görýär! 19 — 22-nji awgust aralygynda Türkmenistanyň paýtagtynda «Kids Expo: hemme zat çagalar üçin» atly halkara köpugurly sergi-ýarmarkasy geçiriler. Bu waka çagalar bilen birlikde, ene-atalara hem ýatdan çykmajak täsirleri bagyş eder.

Çagalar üçin harytlaryň we hyzmatlaryň köpdürli görnüşleri

Sergi islendik ýaşdaky çagalara dürli görnüşli harytlary we hyzmatlary hödürlemek bilen, çaga dünýäsiniň ähli ugurlaryny öz içine alar. Bu ýerde oýnawaçlardan we okuw esbaplaryndan başlap, çagalaryň egin-eşiklerine, iýmit we bilim maksatnamalaryna çenli hödürlenýän zatlar her kim üçin özbaşyna gyzykly bolsa gerek.

Çagalaryň oýun we dynç alyş maksatnamasy

Serginiň körpeje myhmanlary üçin täsin oýun we dynç alyş maksatnamasy taýýarlanyldy. Surat çekmek, lepka we robototehnika boýunça ussatlyk sapaklary, animatorlar bilen geçiriljek şow, ýaryşlar we oýunlar — bularyň ählisi çagalara wagtyny şatlykly we peýdaly geçirmäge mümkinçilik berer.

Bilim çäreleri we hünär ugrukdyrylyşy

Sergi çagalaryň öwrenmegi we düşünjelerini kämilleşdirmegi üçin ajaýyp meýdança öwrüler. Onda hünärmenler ussatlyk sapaklaryny geçirerler, dürli hünärler barada gürrüň berip, ene-atalara çagalary üçin iň amatly ösüş ýoluny saýlamaga ýardam ederler.

Ene-atalar üçin niýetlenen ýer

Çagalary oýunlar we döredijilik çäreleri bilen meşgullanýan mahaly, ene-atalar okuwçylar üçin dürli harytlaryň hödürlenýän mekdep bazaryna baryp bilerler. Mundan başga-da, sergide iýip-içmek hem-de dynç almak üçin kafe we iýmit nokatlary hereket eder.

Çagalaryň moda görkezilişi

Sergide çagalaryň moda görkezilişi hem guralar. Onda «Goç ýigit», «Mildy Dress», «Yenme» we beýleki meşhur türkmen dizaýnerlik kolleksiýalary görkeziler. Bu ene-atalar üçin çagalaryna ajaýyp lybaslary saýlap almaga ajaýyp mümkinçilikdir.

Milli amaly-haşam sungaty boýunça ussatlyk sapaklary

Çagalar milli amaly-haşam sungatynyň eserleri bilen tanşyp, tejribeli hünärmenleriň ugruksyrmagynda öz elleri bilen owadan ýadygärlik sowgatlary döredip bilerler.

Goşmaça çäreler

Sergi bu ýere gelýän myhmanlary şeýle-de ajaýyp tomaşalar, ýaryşlar, robotlaryň sergisi we başga-da köp sanly gyzykly çäreler bilen begendirer.

Maglumatlar:

Geçiriljek senesi: 2024-nji ýylyň 19 — 22-nji awgusty

Geçiriljek ýeri: «Garagum» myhmanhanasynyň aňyrsyndaky sergi meýdançasy

Nädip baryp bolýar: Sergi meýdançasyna 1, 3, 22, 33, 68 belgili awtobuslar bilen baryp bolýar. Meýdançanyň ýanynda ulaglary goýmaga ýer hem göz öňüne tutulandyr.

Goşmaça maglumat almak üçin: https://kids.turkmenexpo.com/

Habarlaşmak üçin: info@turkmenexpo.com, (+993 63) 71 49 83

Täsin wakalara taýýarmysyňyz? «Kids Expo» size garaşýar!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň