Top.Mail.Ru

Minskde GDA-nyň Içeri işler ministrleriniň geňeşiniň ýubileý mejlisi geçirildi

23:4311.08.2024
0
5236
Minskde GDA-nyň Içeri işler ministrleriniň geňeşiniň ýubileý mejlisi geçirildi
Surat: e-cis.info

GDA-nyň Içeri işler ministrleriniň geňeşiniň Miniskide geçirilen 50-nji ýubileý mejlisine Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň we GDA agza döwletleriň terrorçylyga garşy merkeziniň wekilleri gatnaşdylar diýip, Arkalaşygyň resmi maglumatlar portalynda habar berilýär.

Mejlisde GDA-nyň çäginde hukuk goraýjy edaralaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary, kiberjenaýatçylyga garşy göreşde döwletara maglumat gatnaşyklaryny pugtalandyrmak we ýöriteleşdirilen döwletara maksatnamalary durmuşa geçirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Transmilli guramaçylykly jenaýatçylyga, ekstremizme, ýaragly gaçakçylyga we jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagy bilen bagly meselede bilelikde göreşmegiň ähmiýeti bellenildi.

Duşuşykda türkmen wekili sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meselelerini parahatçylyk ýollary we hoşniýetli diplomatik usullar arkaly çözmekde Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlary barada çykyş etdi.

Bellenilişi ýaly, duşuşyga gatnaşyjylary Belarus Respublikasynyň Prezidenti A.Lukaşenko kabul etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň