Top.Mail.Ru

Budapeştde Türkmenistanyň we Wengriýanyň medeniýet işgärleriniň duşuşygy geçirildi

18:2509.08.2024
0
9145

Wengriýanyň paýtagty Budapeştde 8-nji awgustda Türkmenistanyň Medeniýet günleri dowam etdi. Döredijilik çäresiniň ikinji gününde Wengriýanyň paýtagtynyň Miras öýünde iki ýurduň medeniýet işgärleriniň duşuşygy geçirildi. Oňa dostlukly ýurduň wekilleri we ol ýerde okaýan türkmenistanly talyplar hem gatnaşdylar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» habarlar saýtynda habar berilýär.

Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler dürli ugurlarda, esasan-da, medeniýet ulgamynda türkmen-wenger gatnaşyklarynyň ösüşini bellediler. Häzirki wagta çenli meşhur wengriýaly şahyr Şandor Petefiniň käbir goşgulary türkmen diline terjime edildi, bu bolsa türkmen okyjylarynyň göwnünden turýar. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanda kitaphananyň ösüşi we neşirýat işleri barada hem maglumat berildi.

Döredijilik duşuşygynda 2024-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň Türkmenistanda we daşary ýurtlarda giňden bellenilýändigi aýratyn nygtaldy. Wengriýada Türkmenistanyň Medeniýet günleri dowam edýär diýlip, çeşmede bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň