Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Minihanow «Akdost» atly alabaý itiniň täze suratlaryny paýlaşdy

17:1508.08.2024
0
10514

Russiýa Federasiýasynyň Tatarstan Respublikasynyň baştutany Rustam Minihanow «Telegram» sosial ulgamyndaky hasabynda özüniň «Akdost» alabaý itiniň täze suratlaryny paýlaşdy.

«Indi ol kiçiräk gölejik ýaly ulaldy we edil pil ýaly iýýär» diýip, Minihanow özüniň hasabyndaky teswirinde belledi.

Belläp geçsek, şu ýylyň başynda «Akdost» Russiýanyň Itşynaslyk federasiýasynyň «Merkezi Aziýa köpekleri» bäsleşiginde Russiýanyň çempiony diýlip yglan edilipdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň