Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk pudagy boýunça iş maslahatyny geçirdi

00:4530.07.2024
0
11456

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk pudagynyň ýolbaşçylary bilen iş maslahatyny geçirdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, welaýatlaryň häkimleri, ugurdaş ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem beýleki degişli ýolbaşçylar çagyryldy. Iş maslahatynda ýurduň welaýatlarynda hem-de oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna garaldy we käbir guramaçylyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Iş maslahatynyň barşynda häkimler, oba hojalyk ministri Ç.Çetiýew we wise-premýer T.Atahallyýew ýurduň welaýatlarynda hem-de oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan işler barada hasabatlary berdiler.

Häkimleriň hasabatlarynda ýurdy 2022 – 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine görülýän taýýarlyk işleri barada-da aýdyldy.

Şeýle-de iş maslahatynda Türkmenistanyň Merkezi bankynyň başlygy T.Mälikow oba hojalyk pudagyna gönükdirilýän maýa goýumlary barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatynyň barşynda ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak baradaky degişli resminamalara gol çekdi.

Iş maslahatynyň dowamynda başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň