Türkmenistanyň Moskwadaky ilçihanasynda ilçi Esen Aýdogdyýew bilen Koreýa Respublikasynyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçisi Li Do Hunyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçihanasynyň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleri, şeýle hem häzirki halkara derejedäki gyzyklanmalary barada pikir alyşdy.
Taraplar hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşmaga we bilelikdäki işleriň täze ugurlaryny gözlemäge gönükdirilen bu duşuşugyň ähmiýetini bellediler.