Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň we Täjigistanyň daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeş boldular

16:4628.07.2024
0
7664

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministri Sirojiddin Mukriddin bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşlikde taraplar hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşiniň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Söhbetdeşligiň dowamynda daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn görnüşde-de, halkara forumlaryň we mejlisleriň çäginde hem iň ýokary derejede aragatnaşyk gurmaga aýratyn üns berdiler. Iki döwletiň arasyndaky söwda, ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmek we berkitmek meselesinde konstruktiw garaýyş nygtaldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň