26-njy iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

13:0026.07.2024
0
7533

Türkmenistan we Gyrgyzystan energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga gol çekdiler, Türkmenistan «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» görnüşindäki hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýär, Türkmenistanda «bir penjire» ulgamynda 20 000-den gowrak ýüz tutma hasaba alyndy we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Çolpan ata şäherinde Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň 6-njy mejlisi geçirildi. Mejlisde iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary, hususan-da, energetika ulgamynda hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Gepleşikleriň jemleri boýunça 2025-nji ýylda Türkmenistandan Gyrgyzystana elektrik energiýasyny eksport etmek bilen baglanyşykly resminamalara gol çekildi.

2. «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» Dialogynyň ýokary wezipeli wekilleriniň mejlisi geçirildi. Onda Dialogyň 9-10-njy awgustda Astana şäherinde geçiriljek sammitine taýýarlyk bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisde Türkmenistana daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow wekilçilik etdi. Ol türkmen tarapynyň Dialogyň çäginde hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.

3. Türkmenistanda «Eksport-import amallary üçin bir penjire» ulgamy üstünlikli ornaşdyryldy. Daşary ykdysady işlere gatnaşyjylar üçin niýetlenen ulgama girmek üçin www.tradebridge.gov.tm döwlet maglumatlar web-portaly döredildi. Bu gural ulanyjylara gümrük serhedinden geçýän harytlar ýa-da ulaglar barada bir gezeklik maglumat bermäge mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda ulgamda 5000 töweregi gatnaşyjy hasaba alyndy. Elektron görnüşde tabşyrylan we ygtyýarly guramalar tarapyndan gaýtadan işlenýän ýüz tutmalaryň sany 20 000-den geçdi.

4. Magtymguly Pyragynyň dogduk mekany bolan Gerkez obasynda ýerleşýän Magtymguly Pyragy muzeýinde «altyn gaznanyň» seýrek duş gelýän etnografiki gymmatlygy – 18-nji asyra degişli uly bolmadyk halyça saklanýar, ol Döwletmämmet Azadynyň nesilleriniň maşgala mirasydyr. Muzeýiň ylmy işgärleriniň bellemeklerine, bu halyça 1983-nji ýylda Magtymguly etrabynyň ýaşaýjysy, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Gurbandurdy Zeliliniň neberelerinden bolan Läle Myratgeldiýewa tarapyndan sowgat berildi. Alymlar Zeliliniň Magtymgulynyň ýegenidigini, bu halyçanyň bolsa onuň aýaly Nury eje tarapyndan dokalandygyny anykladylar.

5. Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanow bilen Halkara hyzmatdaşlygy boýunça Ýewropa Komissarynyň kabinetiniň başlygy Taneli Lahtiniň arasynda geçirilen resmi däl duşuşykda ulag ulgamynda hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryna garaldy. Taraplar Merkezi Aziýa bilen ÝB-niň arasyndaky gatnaşyklaryň barha artýan ähmiýetini aýratyn bellediler. Şunda ulag ulgamy esasy üns merkezine öwrüldi.

6. Moskwada Ýewraziýanyň sebit haýwanat baglary we akwariumlar birleşiginiň nobatdaky ýyllyk halkara maslahaty geçirildi. Foruma 19 ýurtdan 100-den gowrak gatnaşyjy, şol sanda Türkmenistanyň Janly tebigatyň milli muzeýiniň wekilleri gatnaşdylar. zoolog, professor Eldar Rustamow forumda eden çykyşynda Aşgabatdaky haýwanat bagynyň işi bilen tanyşdyrdy. Moskwanyň haýwanat bagynyň ýolbaşçylaryna sowgat hökmünde şu ýyl neşir edilen Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň 4-nji neşiri gowşuryldy.

Dünýäde

7. Ýaponiýa 2024-nji ýylda syýahatçylykda görlüp-eşidilmedik belentliklere ýetip, ýylyň birinji ýarymynda 17,78 million daşary ýurtly myhmany kabul etdi. Syýahatçylygyň aç-açan peýdalaryna garamazdan, ýapon işewürligi ýeniň gowşaklygy we içerki islegiň pesligi sebäpli kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Şunuň bilen baglylykda, telekeçiler ýerli ýaşaýjylar we jahankeşdeler üçin differensirlenen bahalary girizmegi göz öňünde tutýarlar. Hokkaýdo Syýahatçylyk guramasy güýzde Ýaponiýanyň ilatyna arzanladyş hödürläp, iki bahaly synag geçirmegi meýilleşdirýär. Himedzi şäherinde meşhur gala syýahat etmek üçin petekleriň bahasyny daşary ýurtlular üçin dört esse – 30 dollara çenli ýokarlandyrmak, ýerli ilat üçin bolsa bu bahany 5 dollara çenli arzanlatmak meselesi ara alnyp maslahatlaşylýar. Bu çözgüt syýahatçylaryň aşa köp bolmagyndan ejir çekýän taryhy ýadygärligi gorap saklamagyň zerurlygy bilen baglanyşyklydyr.

8. Ekologiýa hereketine gatnaşyjylaryň çäreleri sebäpli Frankfurt howa menziliniň işi wagtlaýyn kesildi. Aktiwistler howa menziliniň çägine girip, «Nebit öldürýär» diýen ýazgylar bilen özlerini uçuş-gonuş zolagyna ýelimlediler. Howpsuzlygy üpjün etmek üçin polisiýanyň iş alyp barýan wagtynda howa menziliniň işi togtadyldy.

Sport habarlary

9. Serdar Azmun «Şabab Al-Ahli» toparyna geçmäge razylyk berdi diýip, insaýder Fabrisio Romano habar berýär. «Baýer» 29 ýaşly oýunçy üçin 5 million ýewro alar. Azmunyň lukmançylyk barlagy duşenbe güni geçiriler. «Şabab Al-Ahli» BAE-de iň köp ýeňiş gazanan klublaryň biridir. Azmun geçen möwsümi «Romada» kärendesine çykyş edip geçirdi. Ozal Ispaniýanyň «Sewilýa» toparynyň futbolça gyzyklanma bildirýändigi barada habar berlipdi.

10. Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadam» futbol topary täze baş tälimçiniň wezipä bellenendigini habar berdi. Topara 73 ýaşly Ali Gurbani ýolbaşçylyk eder. Ol bu wezipede toparyň kömekçi tälimçisi bolup galan Ýewgeniý Tkaçenkonyň ornuna bellendi. Häzirki wagtda «Şagadam» Türkiýäniň Kartepe şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýär. Topar tälimçini çalyşmakdan başga-da, tomusky transfer möwsüminde düzümini güýçlendirmek üçin işjeň iş alyp bardy. «Şagadam» dört täze futbolçy bilen şertnama baglaşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň