Soňky habarlar

Arhiw

AOHG: 2023-nji ýylda dünýäde her 11-nji adam açlyk çekdi

09:3925.07.2024
0
3988

2023-nji ýylda dünýäde açlyk çekenleriň sany takmynan 733 million adama deň boldy, bu Zeminiň her 11-nji ýaşaýjysy diýmekdir. Afrika yklymynda her 5-nji ýaşaýjy açlyk çekdi diýip, BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň we beýleki haýyr-sahawat edaralarynyň «Dünýäde azyk we iýmit howpsuzlygy ulgamynda işleriň ýagdaýy» atly her ýylky nutugynyň (SOFI) nobatdakysyna salgylanýan «Report.az» ýazýar.

Nutuga laýyklykda, ählumumy çökgünligiň ýitileşmegi bilen baglylykda, açlyk çekýänleriň sany eýýäm üç ýyldyr, üýtgewsizligine galýar. Nutukda dünýäniň ösüş babatda 15 ýyl yza tesendigi bellenýär, ýagny doly iýmitlenmezlik 2008-2009-njy ýyllardaky ýagdaýa gaýdyp geldi. 2019-njy ýyldan başlap, doýagarna iýmitlenmeýänleriň sany takmynan 152 million adam artdy. 2023-nji ýylda dünýäde 2,33 milliard adam azyk howpsuzlygynyň ýeterlik däl ýa-da ýok şertlerinde ýaşady, özem bu san koronawirus ýokanjy bilen baglylykda, 2020-nji ýylda güýçli ösüş görkezmeginden soňra üýtgemedi. Şunda Afrikada ilatyň 58 göterimi ýiti azyk ýetmezçiliginde ýaşaýar.

Sagdyn iýmite hem elýeterlilik meselesi dowam edýär. Mysal üçin, 2022-nji ýylda 2,8 mlrd adam sagdyn iýmitlenmekden mahrum galdy. Eger pes girdejili ýurtlarda ilatyň 71,8 göteriminiň sagdyn iýmitlenmek mümkinçiligi ýok bolsa, ýokary girdejili ýurtlarda bu görkeziji 6,3 göterim bolmagynda galýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň