Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

“Turkish Airlines” Aşgabat-Stambul-Aşgabat uçuşlary üçin petekleriň bahasyny arzanladýar

16:3818.07.2024
0
57666

“Turkish Airlines” Aşgabat-Stambul-Aşgabat ugry boýunça petekleriň bahalarynyň arzanladylandygyny yglan etdi. Kompaniýanyň berýän maglumatyna görä, ýörite teklip şu ýylyň 31-nji awgustyna çenli hereket eder.

Aksiýanyň çäklerinde ýolagçylar ekonom klasynyň peteklerini 525 ABŞ dollaryndan başlap satyn alyp bilerler. Ýokary amatlyk bilen syýahat etmegi halaýanlar üçin biznes klasynyň petekleriniň bahasy 1250 ABŞ dollaryndan başlanar.

Belläp geçsek, Turkish Airlines Aşgabat-Stambul-Aşgabat ugry boýunça hepdede 11 uçuş amala aşyrýar.

Petek bronlamak we goşmaça maglumat almak üçin aşakda görkezilenler arkaly habarlaşyp bilersiňiz:

  • salgy: Aşgabat, G. Kulyýew köçesi, 39-njy jaý, Ussat binasy;
  • telefon (+993 61) 01 44 33;
  • elektron poçta: askabatbıletsatıs@thy.com;
  • resmi web sahypasy turkishairlines.com.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň