Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» görnüşindäki hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýär

17:3625.07.2024
0
10133

«Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» Dialogynyň ýokary wezipeli wekilleriniň mejlisi geçirildi. Wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen mejlise Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Ýaponiýanyň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň orunbasarlary gatnaşdy. Mejlisde Türkmenistana daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow wekilçilik etdi.

Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, taraplar şu ýylyň 9-10-njy awgusty aralygynda Astana şäherinde geçiriljek «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» Dialogynyň sammitine taýýarlyk bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşykda sammitiň we işewürler forumynyň maksatnamasyna we gün-tertibine seredildi, şeýle hem sammitiň jemleýji resminamasynyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mundan başga-da, taraplar Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Ýaponiýanyň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň derwaýys meseleleri barada pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda A.Gurbanow türkmen tarapynyň Dialogyň çäginde hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň