Soňky habarlar

Arhiw

Nepalyň howa gullugy edarasy uçar heläkçiliginde 18 adamyň pida bolandygyny tassyklady

13:5925.07.2024
0
5045
Nepalyň howa gullugy edarasy uçar heläkçiliginde 18 adamyň pida bolandygyny tassyklady
Surat: ria.ru

Nepalyň raýat awiasiýasy edarasy Katmanduda «Saurya Airlines» kompaniýasynyň uçarynyň heläkçilige uçramagy netijesinde 18 adamyň pida bolandygyny tassyklady. Heläkçilikde diňe bir adam diri galdy, ol agyr şikesleri aldy diýip, «RIA Nowosti» ýazýar.

Öň «Saurya Airlines» ýykylan uçaryň ýolagçylarynyň sanawyny çap etdi, onda ýolagçylaryň awiakompaniýanyň öz işgärleridigi aýdylýar.

Wakanyň şaýatlary uçaryň uçuş-gonuş zolagyndan ýokary göterilende, ganatynyň ýere galtaşyp, ýangyn dörändigini hem-de zolakdan daş çykandygyny gürrüň berýärler.

Howa menziliniň metbugat gullugy heläkçilikde uçaryň kapitanynyň diri galandygyny we hassahana eltilendigini habar berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň