Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Owganystan TOPH taslamasyny durmuşa geçirmäge taýýarlanýar

10:1326.07.2024
0
7482

Owganystanyň Magdan we nebit ministrligi Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan transmilli gaz geçiriji taslamasynyň başlamagy üçin ähli taýýarlyk işleriniň tamamlanandygyny habar berdi.

«TOLOnews» habarlar gullugynyň habaryna görä, taslamanyň owgan tarapyndan jogapkär wekili Homaýun Owgan gaz geçiriji bilen baglanyşykly alnyp barylýan işleriň çäginde howpsuzlyk çäreleriniň üpjün edilendigini, taslamanyň geçmeli ugry bilen bagly ýer meseleleriniň çözülendigini habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, ol sebit ýurtlaryny taslamanyň üstünde işlemäge çagyrdy.

— Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan transmilli gaz geçiriji iň uly taslamalaryň biridir. Owganystanda howpsuzlyk, tehniki meseleler we ýer satyn almak ýaly köp meseleler bardy, häzirki güne çenli olaryň aglabasy çözüldi. Bar bolan ownuk meseleleriň hem geljekde çözülmegine umyt edýärin – diýip, Homaýun Owgan belleýär.

Ozal habar berşimiz ýaly, golaýda Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Yslamabatda saparda boldy. Türkmen wekiliýeti 24-nji iýulda Pakistan Yslam Respublikasynyň Federal nebit ministri Musadik Masud Malik bilen Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň durmuşa geçirilmegini mundan beýläk-de ilerletmek mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar. Taraplar TOPH taslamasynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly anyk meseleleri çözmegiň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň