Soňky habarlar

Arhiw

Saraýewoda folklor festiwaly geçýär

18:0024.07.2024
0
5847
Saraýewoda folklor festiwaly geçýär
Surat: dmcbalkans.com

Balkan ýurtlarynyň halk aýdymlaryny we tanslaryny ýerine ýetirijileriň ýüzlerçesi Saraýewodaky festiwala ýygnandy. Çykyşlaryň öňüsyrasynda Osman şalygynyň döwrüniň köne şäherinde ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda milli geýimli tansçylardyr aýdymçy-sazandalar Bosniýanyň paýtagtynyň pyýadalar üçin baş köçesinden ýöriş etdiler diýip, «euronews.com» ýazýar.

Şäheriň jahankeşdelik geňeşiniň işgärleri wagtyndan köp zähmet çekmäge taýýardygyny aýdýarlar. Olaryň maksady Saraýewo mümkin boldugyça köp jahankeşde çekmek diýlip, habarda aýdylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň