Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

TNGIZT-niň desgalarynyň kuwwaty artdyrylýar

12:1420.07.2024
0
9089
TNGIZT-niň desgalarynyň kuwwaty artdyrylýar
Surat: tngizt.gov.tm

19-njy iýulda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň suwuklandyrylan gazy saklaýan we ýükläp iberýän desgalarynyň kuwwatyny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bu barada TDH ýazýar.

Bellenilişi ýaly, zawodlar toplumy tarapyndan nebiti gaýtadan işlemegiň netijesinde, dürli görnüşli nebit önümleri bilen bir hatarda, suwuklandyrylan gaz hem öndürilýär. Ony saklamak hem-de sarp edijilere ýükläp ibermek üçin ýörite terminalyň hyzmatyndan peýdalanylýar. Bu desgalaryň kuwwatyny artdyrmak maksady bilen, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň golaýynda ýerleşýän, suwuklandyrylan gazy saklamak we ýükläp ibermek üçin niýetlenen terminaly giňeltmek, onuň kuwwatyny artdyrmak boýunça zerur işler alnyp barylýar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurtda nebiti gaýtadan işleýän desgalary döwrebaplaşdyrmaga, nebit önümlerini saklamaga we ibermäge niýetlenen ulgamlary kämilleşdirmäge uly üns berilýändigini belledi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilýän suwuklandyrylan gazy saklaýan, ýükläp iberýän desgalaryň kuwwatyny artdyrmagyň nebitgaz senagatyny has-da ösdürmekde möhüm bolup durýandygy nygtaldy.

Döwlet Baştutany bu ugurda taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň