Top.Mail.Ru

Türkmenistanyň Prezidenti “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak hakynda Karara gol çekdi

10:2807.09.2024
0
8406
Türkmenistanyň Prezidenti “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak hakynda Karara gol çekdi
Surat: turkmenistan.gov.tm

Ýurduň Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli geçirilen “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginde öz zehinini görkezip, tapawutlanan aýdymçy çagalary sylaglamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, şu bäsleşige gatnaşyjylar ýeňijiler diýlip yglan edildi hem-de olara degişli diplomlar we noutbuk kompýuterleri gowşuryldy:

Aşgabat şäherindäki 1-nji orta mekdebiň 3-nji synp okuwçysy Arslan Maksadowiç Igliýew;

Arkadag şäherindäki iňlis diline ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Perhat Maksadowiç Babaýew;

Ahal welaýatynyň Kaka etrabyndaky iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 26-njy orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Ogulşat Batyrowna Begpolodowa;

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherindäki 4-nji orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Aýhan Serdarowiç Serdarow;

Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabyndaky 59-njy orta mekdebiň 6-njy synp okuwçysy Gülzada Meýlisowna Ataýewa;

Lebap welaýatynyň Dänew etrabyndaky takyk ugurly derslere ýöriteleşdirilen 17-nji orta mekdebiň 6-njy synp okuwçysy Merjen Ýoldaşowna Abaýewa;

Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabyndaky 1-nji orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Eziz Batyrowiç Ýazgeldiýew.

“Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşan çagalara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Bu barada TDH habar berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň