Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

1-nji awgustdan Türkmenistanda mekdep bazarlary işläp başlar

08:2020.07.2024
0
11856

19-njy iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, mejlisiň barşynda wise-premýer B.Atdaýew ýurtda mekdep harytlarynyň satuw-söwdasyny guramak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň kärhanalary tarapyndan okuw esbaplary, okuwçy we sport egin-eşikleri, aýakgaplar bilen üpjün etmek üçin ýurduň önüm öndürijileri we haryt getirijiler bilen hyzmatdaşlyk etmek esasynda degişli işler amala aşyrylýar.

Wise-premýer mekdep harytlarynyň satuw-söwdasyny ýurduň welaýatlarynda we etraplarynda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde şu ýylyň 1-nji awgustyndan başlap, 5-nji sentýabryna çenli dowam etmegiň teklip edilýändigini aýtdy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ilatyň dürli görnüşli harytlara bolan isleglerini yzygiderli öwrenip, içerki bazaryň bolçulygyny artdyrmagyň möhümdigini nygtady we degişli tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň