Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly ýerine ýetirijiler Russiýada halkara opera bäsleşigine gatnaşarlar

15:1017.07.2024
0
8515

Türkmenistanly operaçylar şu ýylyň 21 — 27-nji iýuly aralygynda Sankt-Peterburgyň Döwlet akademiki kapellasynda geçiriljek Ýelena Obrazsowa adyndaky XV Ýaş ýerine ýetirijileriň halkara bäsleşigine gatnaşarlar. Bu barada TASS habar berýär.

Çeşmede bellenilişine görä, halkara bäsleşige gatnaşmak üçin 400-den gowrak ýüz tutma tabşyrylyp, şolardan 86 sanysy birinji tapgyrda çykyş etmäge hukuk gazandy. Gatnaşyjylaryň arasynda Türkmenistan bilen bir hatarda Russiýanyň, Awstriýanyň, Ermenistanyň, Belarus Respublikasynyň, Beýik Britaniýanyň, Wýetnamyň, Gruziýanyň, Ysraýylyň, Gazagystanyň, Hytaýyň, Litwanyň, Moldowanyň, Mongoliýanyň, Demirgazyk Makedoniýanyň, Özbegistanyň hem-de Fransiýanyň wekilleri bar.

Halkara bäsleşigiň birinji tapgyry 21 — 23-nji iýul aralygynda geçirilip, onda gatnaşyjylar XVII-XIX asyrlaryň kompozitorlarynyň operalaryndan ýa-da kantatlaryndan bir arsiýany ýerine ýetirerler. Bäsleşigiň ikinji tapgyry 24-25-nji iýul günlerinde, jemleýji tapgyry bolsa 27-nji iýulda geçiriler. Şol gün bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy hem-de ýeňijileriň ýerine ýetirmeginde gala-konsert hem guralar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň