Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Gülüň owadan!» atly bäsleşigiň Ahal welaýat tapgyry geçirildi

15:1816.07.2024
0
7126
«Gülüň owadan!» atly bäsleşigiň Ahal welaýat tapgyry geçirildi
turkmenistan.gov.tm

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi hem-de ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariaty tarapyndan ýurduň çeper elli zenanlarynyň arasynda yglan edilen «Gülüň owadan!» atly bäsleşigiň Ahal welaýat tapgyry geçirildi.

«Türkmenistan» gazetinde berilýän habara görä, bäsleşigiň Änew şäheriniň medeniýet öýünde guralan jemleýji tapgyryna welaýatyň dürli ýerlerinden çeper elli zenanlar gatnaşyp, türkmen milli keçesini taýýarlamakda, gadymy nagyşlary keçä salmakda ulanylýan usullar, keçe güllenilişi barada gürrüň berdiler.

Olaryň keçe bilen baglanyşykly aýdan gyzykly maglumatlary, rowaýatlary, gazallary, aýdyşyklary çärä gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.

Habarda bellenilişi ýaly, emin agzalarynyň biragyzdan gelen netijesine görä, Babadaýhan etrabyndan Ýazbibi Atageldiýewa birinji, Gökdepe etrabyndan Mähri Berdimuhamedowa ikinji, Tejen etrabyndan Jennet Wepaýewa üçünji orna mynasyp boldular. Ýeňijilere Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň