15-nji iýulda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde şu ýylyň birinji ýarymynda ýurduň daşary syýasy işiniň jemlerine bagyşlanan mejlis geçirildi. Oňa ýurduň diplomatik gullugynyň ýolbaşçylary we işgärleri gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.
Mejlisiň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasarlarynyň we Türkmenistanyň DIM-niň birnäçe departamentleriniň ýolbaşçylarynyň hasabatlary diňlenildi. Şeýle hem, mejlisiň gün tertibine ýylyň ikinji ýarymynda ýerine ýetirmeli wezipeleri kesgitlemek bilen bagly meseleler girizildi.
Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2024-nji ýylyň 11-nji iýulynda gol çeken Karary bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi edarasynyň düzümine üýtgeşmeleriň girizilendigi, ýagny täze departamentleriň – Daşary syýasy habarlar we sanly diplomatiýa departamentiniň hem-de Konsullyk gullugy departamentiniň döredilendigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň mejlisinde konsullyk we daşary syýasy habarlar işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça anyk teklipleri taýýarlamak bilen baglanyşykly tabşyryklar berildi.