Top.Mail.Ru

Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşigine agza döwletleriň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça kanun kabul edildi

10:5515.07.2024
0
15938
Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşigine agza döwletleriň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça kanun kabul edildi
Surat: ria.ru

Ozal habar berşimiz ýaly, 13-nji iýulda Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň altynjy maslahaty geçirildi.

Maslahatyň gün tertibine laýyklykda, deputatlaryň garamagyna «Bolgariýa Respublikasynyň, Çehiýa Respublikasynyň, Estoniýa Respublikasynyň, Horwatiýa Respublikasynyň, Kipr Respublikasynyň, Latwiýa Respublikasynyň, Litwa Respublikasynyň, Wengriýanyň, Malta Respublikasynyň, Polşa Respublikasynyň, Rumyniýanyň, Sloweniýa Respublikasynyň we Slowakiýa Respublikasynyň Ýewropa Bileleşigine girendigini göz öňünde tutup, bir tarapdan Türkmenistan bilen we beýleki tarapdan Ýewropa Bileleşiginiň we oňa agza döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy döredýän gatnaşyklar we hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşyga Teswirnamany tassyklamak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy hödürlendi.

TDH-nyň habar berşi ýaly, Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň nobatdaky maslahatynyň garamagyna hödürlenen bu kanun taslamasy biragyzdan makullanyldy we kabul edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň