Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Mejlisi täze kanunlary kabul etdi

22:5913.07.2024
0
18010

Şu gün Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň altynjy maslahaty geçirildi. Maslahatda deputatlar Prezident Serdar Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna we ýurduň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan kanunlaryň taslamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar hem-de kabul etdiler. Bu barada Türkmenistanyň Mejlisiniň resmi saýtynda habar berilýär.

Bellenilişi ýaly, maslahatda Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň saýlaw okruglarynda şu ýylyň 7-nji iýulynda geçirilen saýlawlar bilen bagly «Türkmenistanyň Mejlisiniň aýry-aýry saýlaw okruglary boýunça saýlanylan deputatlarynyň ygtyýarlyklaryny ykrar etmek hakynda» Türkmenistanyň Mejlisiniň karary kabul edildi. Şeýle hem Mejlisiň düzümi bilen baglanyşykly käbir guramaçylyk meselelerine seredildi.

Maslahatda ýurduň halkara konwensiýalaryny we ylalaşyklaryny tassyklamak we olara goşulyşmak baradaky daşary syýasat başlangyçlaryny kanunçylyk taýdan goldamak boýunça Türkmenistanyň birnäçe kanunlarynyň taslamalaryna garaldy we kabul edildi. Bu kanunlar Türkmenistanyň dürli ugurlarda dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny hukuk taýdan düzgünleşdirmäge ýardam eder.

Maslahatyň dowamynda «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Adalatçynyň diwanynyň alyp baran işleri we ýurtda adam hukuklary babatdaky ýagdaý hakynda Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil – Adalatçy deputatlaryň öňünde çykyş etdi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Býujet, Sanitariýa, Ilaty durmuş taýdan goramak kodekslerine, «Bedenterbiýe we sport hakynda», «Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda», «Ylmy edaralar hakynda», «Sportda dopinge garşy göreşmek hakynda», «Tohumçylyk hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» hem-de «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi. Bu kanunlar dürli ulgamlarda işleriň döwrüň talabyna laýyklykda alnyp barylmagy üçin hukuk esaslaryny döretmäge, ýagny döwletiň býujet ulgamynyň işini we dolandyrylyşyny, Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň işini kämilleşdirmek, Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň işine sanly ulgamy ornaşdyrmak, ylym ulgamyndaky gatnaşyklary, bedenterbiýe we sport hyzmatlaryny ösdürmek, sportda dopinge garşy göreşmek, adwokatura we adwokatlyk işine guramaçylyk-usuly taýdan berilýän kömegiň talaplaryna gözegçiligi berkitmek, raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysyny döwlet belligine almaga hukugy bolan edaralaryň işini döwrebaplaşdyrmak, tohumçylyk işini döwrüň talabyna laýyk getirmek bilen baglanyşykly gatnaşyklary düzgünleşdirmäge ýardam eder diýlip, çeşmede bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň