Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatdaky «IQ007» mekdebi çagalaryň ýazuwyny kämilleşdirmegiň innowasion usullaryny hödürleýär

10:3408.07.2024
0
9799

«IQ007» mekdebi innowasion usullary hem-de her bir okuwça aýratyn çemeleşmegi özünde birleşdirýän çagalaryň ýazuwyny kämilleşdirmek boýunça özboluşly maksatnamany hödürleýär.

Mekdebiň hünärmenleri çaganyň ösüşinde owadan ýazuwyň uly ähmiýetiniň bardygyny nygtamak bilen, onuň ünsi jemlemekde, tutanýerlilikde we bölek zatlara üns bermekde özboluşly hyzmata eýedigini aýdýarlar. «IQ007» maksatnamasy diňe bir kalligrafiýa däl-de, eýsem sowatly ýazmak endiklerini ösdürmäge hem gönükdirilendir.

«IQ007» mekdebinde geçilýän okuwlar şulary öz içine alýar:

- şahsy görnüşde niýetlenen meseleler. Özbaşdak çemeleşme her bir çaganyň mümkinçiliklerini açmaga ýardam edýär, oňa ukyp-başarnyklaryna kybap gelýän wezipeleri hem-de maslahatlary hödürleýär.

- oýun esasly okuw usulyýetleri çagalara täze bilimleri we endikleri tiz hem-de içgysgynç däl görnüşde öwrenmäge mümkinçilik berýär.

- häzirki zaman tehnologiýalary. Täze işläp taýýarlamalary we interaktiw materiallary ulanmak okuw işini mümkin boldugyça täsirli edýär we okuwy döwrebap görnüşde guramaga şert bolup hyzmat edýär.

- ýazuwyň sowatlylygyna ähmiýet bermek. Sowatly ýazmak endiklerini ösdürmek çagalara pikirlerini aýdyň, dogry we ýalňyşsyz beýan etmäge kömek edýär.

- höweslendiriş ulgamy. Mekdepde özboluşly höweslendiriş ulgamy bar. Bu ýerde çagalar gazanan üstünlikleri üçin dürli baýraklara çalşyp bolýan ýörite IQ teňňeleri alýarlar.

«Biziň maksatnamalarymyz çagalaryň diňe bir ýazuw endiklerini gowulandyrmak bilen çäklenmän, eýsem umumy ýetişigine we özüni bahalandyrmagyna oňyn täsir edýän has ynamly bolmak häsiýetini terbiýelemäge kömek edýär» diýip, «IQ007» mekdebiniň wekili belleýär.

Çagalarynyň ýazuwyny gowulamak isleýän ene-atalar okuwlara salgylanma arkaly ýa-da (+993 71) 51 84 63 telefon belgisine jaň edip ýazylyp bilerler.

Goşmaça maglumatlar bolsa mekdebiň sosial media ulgamyndaky sahypasynda elýeterlidir.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň