2024-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda ABŞ-nyň Ogaýo ştatynyň Kent şäherinde Kent döwlet uniwersitetiniň rektory Todd Dýakon bilen Türkmenistanyň bilim ministiriniň orunbasary Azat Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşyga şeýle hem Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçisi Meret Orazow hem gatnaşdy, diýip Türkmenistanyň bilim ministrliginiň web-saýtynda habar berilýär.
Maslahatyň esasy temasy Kent döwlet uniwersitetiniň Türkmenistanda şahamçasyny açmak mümkinçiligi boldy. Türkmen taraplary bu meselä degişli ýol kartasynyň deslapky taslamasyny hödürledi.
Duşuşygyň dowamynda Kent döwlet uniwersiteti bilen Türkmenistanyň üç ýokary okuw jaýynyň: Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň we Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň arasynda üç özara düşünişmek baradaky ähtnama gol çekildi.
Taraplar şeýle hem Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan medeni çäreleri geçirmegi ara alyp maslahatlaşdylar. Bu duşuşyk Türkmenistanyň öz ýokary okuw mekdeplerini halkara bilim giňişligine ornaşdyrmaga ymtylýandygyny görkezdi.