Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Ýewropa Komissiýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi

10:5906.10.2024
0
11714
Aşgabatda Ýewropa Komissiýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
Surat: mfa.gov.tm

4-nji oktýabrda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Ýewropa daşary gatnaşyklar gullugynyň Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça bölüminiň başlygy Ditmar Krissleriň ýolbaşçylygyndaky Ýewropa Komissiýasynyň wekiliýeti bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen ÝB-niň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» formatynyň çägindäki özara gatnaşyklar boýunça pikir alyşyldy. Taraplar Türkmenistanda durmuşa geçirilýän möhüm ugurlardaky ÝB-niň taslamalarynyň netijeliligini bellediler.

Hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda sebit howpsuzlygy we ösüş meseleleri, howanyň üýtgemegi, daşky gurşawy goramak, «ýaşyl» we sanly özgertmeler, energetika we ulag-logistika pudagynda hyzmatdaşlyk bellenildi.

Söhbetdeşler täze üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek meselelerine degip geçip, Hazarüsti ulag geçelgesiniň utgaşdyryjy platformasyny işe girizmegiň sebitiň durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösmegine ýardam berjekdigini nygtadylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň