Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Hatyra güni bellenilýär

11:0606.10.2024
0
9459

Şu gün Türkmenistanda Hatyra güni bellenilýär. Her ýylyň 6-njy oktýabrynda Watan topragyny goramak ugrunda alnyp barlan Gökdepe söweşinde we beýleki söweşlerde, Beýik Watançylyk urşunda, şeýle-de 1948-nji ýylda bolup geçen Aşgabat ýertitremesinde şehit bolanlaryň hormatyna Aşgabat şäherindäki «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda, ähli obadyr şäherlerinde ýatlama çäreleri geçirilýär. Hatyra güni mynasybetli Türkmenistanyň ähli dindarlarynyň adyndan, Türkmenistanyň müftüsi Ý.Hojagulyýew döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedowa hat ýollady. Hatda şeýle ýazylýar:

«Türkmen halkynyň müňýyllyklaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan ynsanperwer ýörelgeleriniň arasynda öten-geçenleri ýagşylykda ýatlamak, hatyra dessurlaryny berjaý etmek aýratyn orun eýeleýär. Bedew bady bilen ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan Garaşsyz Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň at-abraýynyň, şan-şöhratynyň Ýer ýüzünde giňden dabaralanýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Siziň parasatly baştutanlygyňyzda halk hakydasynda müdimilik orun alan ynsanperwer ýörelgelerimiz, däp-dessurlarymyz mynasyp dowam etdirilýär.

Her ýylyň 6-njy oktýabrynda — Hatyra gününde Watan topragyny goramak ugrunda alnyp barlan Gökdepe söweşinde we beýleki söweşlerde, Beýik Watançylyk urşunda, şeýle-de 1948-nji ýylda bolup geçen Aşgabat ýertitremesinde şehit bolan watandaşlarymyzyň hormatyna paýtagtymyz Aşgabat şäherindäki «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda, eziz Diýarymyzyň ähli obadyr şäherlerinde ýatlama çäreleri geçirilýär. Agzybirligimizi we jebisligimizi has-da pugtalandyrýan Hatyra gününde, Arkadagly Gahryman hajy Serdarymyz, Siziň Garaşsyz Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan tutumly işleriňiziň, dünýäde parahatçylygyň, dostlugyň pugtalandyrylmagyna ýardam berýän beýik başlangyçlaryňyzyň elmydama rowaçlyklara beslenmegi Gudraty Güýçli Beýik Biribardan dileg edilýär. Bularyň ählisi Siziň jemgyýetimiziň ynsanperwerligiň belent ýörelgeleriniň, milli däplerimiziň esasynda kämilleşmegine döwlet derejesinde aýratyn ähmiýet berýändigiňizi tassyklaýar.

Mertlikde we gahrymançylykda halkymyzy ýedi yklyma tanadan merdana pederlerimiziň ýagty ýadygärligi ýüreklerimizde hiç haçan öçmez, ýowuz hadysalaryň kalbymyza salan yzalary hiç wagt unudylmaz!

Arkadagly Gahryman hajy Serdarymyz!

Siziň öňde goýan belent maksatlaryňyzyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny has-da artdyrmakda, berkarar Watanymyzyň dünýäde syýasy, ykdysady taýdan durnukly ösýän ýurt hökmünde ykrar edilmeginde möhüm orna eýedir. Siziň parasatly baştutanlygyňyzda ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça deňi-taýy bolmadyk taslamalar amala aşyrylýar. Garaşsyz Watanymyz ýokary depginde ösýär, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda giň gerimli işler alnyp barylýar. Bu gazanylýan üstünlikler, Bitarap döwletimiziň halkara abraýynyň barha artmagy Siziň alyp barýan öňdengörüjilikli syýasatyňyzyň anyk beýany bolup, taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylýar.

Siziň halkymyzyň ruhy güýjüne, deňsiz-taýsyz taryhy-medeni mirasyna, ykdysadyýetimiziň kuwwatly mümkinçiliklerine daýanýan ynsanperwer syýasatyňyz eziz Watanymyzyň beýik geljegini nazarlamak bilen, jemgyýetçilik durmuşymyzy has-da baýlaşdyrýar, nesillerde ýokary ahlak häsiýetlerini kemala getirýär. Watanymyzyň şöhratly taryhynyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylýan tutumly işleriňiz, ýokary ahlaklylyga, wyždan päkligine esaslanýan gymmatlyklarymyza, däp-dessurlarymyza, ynsanperwer ýörelgelerimize goýýan belent sarpaňyz üçin Size alkyşlarymyz çäksizdir. Siziň alyp barýan syýasatyňyzyň esasy ýörelgesi adam, jemgyýet we döwletdir. Siziň baştutanlygyňyzda halkymyzyň bagtyýar, abadan durmuşda ýaşamagynyň hatyrasyna Aşgabat, Arkadag şäherlerinde, welaýat we etrap merkezlerinde, şäherdir obalarymyzda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary düýpli döwrebaplaşdyrylýar, täze şäherdir obalar, ýokary tizlikli awtomobil ýollary, senagat-önümçilik toplumlary gurulýar.

Belent mertebeli Prezidentimiz!

Siz ýokary ruhubelentlikde geçen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde berkarar döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilen derwaýys meseleleri ara alyp maslahatlaşyp, has belent wezipeleri kesgitlediňiz. Siziň: «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biziň ýolumyz bagtyýarlygyň, berkararlygyň ýoludyr. Geçmişimizi, şu günümizi we geljegimizi berk baglanyşdyryp, biz mundan beýläk-de bu ýol bilen ynamly öňe gideris» diýen buýsançly sözleriňiz, eziz Diýarymyzyň okgunly ösüşi we beýik geljegimiz hakyndaky arzuwlaryňyz tutuş jemgyýetimiziň baýramçylyk hem-de watançylyk ruhuny has-da belende göterdi. Arkadagly Gahryman hajy Serdarymyz, Siziň we Gahryman hajy Arkadagymyzyň gatnaşmagynda düýpli abatlaýyş-abadanlaşdyryş işleri geçirilen Türkmenbaşynyň ruhy metjidinde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň üstünlikli geçmegi mynasybetli sadaka bermegiňiz biz — dindarlary diýseň begendirdi.

Hormatly Gahryman hajy Serdarymyz!

Mukaddes Watan topragyny goramak ugrunda alnyp barlan Gökdepe söweşinde we beýleki söweşlerde, Beýik Watançylyk urşunda, şeýle-de 1948-nji ýyldaky Aşgabat ýertitremesinde şehit bolan ata-babalarymyzy ýatlap, eziz Watanymyzyň berkararlygy, merdana halkymyzyň agzybirligi we abadançylygy üçin okalýan aýatlar, edilýän doga-dilegler Gudraty Güýçli Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun! Goý, şehit bolan watandaşlarymyzyň ählisiniň ýatan ýerleri ýagty, imanlary hemra bolsun! Goý, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň röwşen ýolundan beýik geljegine ynamly gadam urýan Türkmenistan Watanymyzda asudalyk, abadançylyk, agzybirlik we jebislik ebedi bolsun! Gudraty Güýçli Allatagala Sizi öz penasynda aman saklap, janyňyzy sag, ömrüňizi uzak, mertebäňizi belent, il-ýurt, umumadamzat bähbitli işleriňizi elmydama rowaç eýlesin!».

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň