Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Prezident: Watan goragçylarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga uly ähmiýet berilýär

22:4905.10.2024
0
13800
Prezident: Watan goragçylarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga uly ähmiýet berilýär
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň gün tertibi boýunça harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy. Şeýle hem mejlisiň gün tertibine ýurtda howpsuzlygy, parahatçylygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen bagly meseleler girizildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýewe hasabat bermek üçin söz berildi. B.Gündogdyýew şu ýylyň 9 aýynda ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde alnyp barlan işleriň netijeleri, ýurduň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, Ýaragly Güýçleriň serkerdeler düzüminiň hünärini ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Hasabatda harby gullukçylaryň gullugy we ýaşaýyş-durmuşy üçin döredilýän şertler, çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary gullukdan boşatmak hem-de harby gulluga çagyrmak babatda geçirilýän işler barada aýdyldy.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew ýurduň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaraly harby ýörişiň netijeleri barada hem hasabat berdi.

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, Ýaragly Güýçleriň döwrüň talabyna görä kämilleşdirilmeginiň, goşunlaryň ähli kysymlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagynyň goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinanyň çäklerinde amala aşyrylýan özgertmeleriň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylaryň gullukdan boşadylmagynyň we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşynyň talabalaýyk geçirilmegini üpjün etmek barada görkezme berildi.

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy şeýle hem ugurdaş ýokary okuw mekdeplerinde serkerdeleri taýýarlamak işlerini wajyp wezipeleriň hatarynda görkezdi.

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralarda gulluk edýän ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemegiň ähmiýeti barada aýdyp, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýewe birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň dokuz aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri, şeýle-de döwlet Baştutanynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabatlary berdiler. Hasabatlarda harby we hukuk goraýjy edaralaryň işini kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hem aýdyldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna degişli tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutany mejlisiň ahyrynda oňa gatnaşyjylara ýüzlenip, diňe goranyş häsiýetli Harby doktrina laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň howpsuzlygyny we bitewüligini üpjün etmek boýunça netijeli çäreleriň görülýändigini belledi.

"Döwletimiziň goranyş ukybyny pugtalandyrmaga, Watan goragçylarynyň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga uly ähmiýet berilýär" diýip, ýurduň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy aýtdy we bu ugurdaky işleriň geljekde-de dowam etdiriljekdigini belledi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy. Olar boýunça degişli çözgütleri kabul edip, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow mejlisi jemledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň