Soňky habarlar

Arhiw

3-nji iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

13:2303.07.2024
0
8737

Türkmenistanyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkony Belarusyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady, Türkmenistan Täjigistanda we Ýaponiýada söwda öýleriniň açylmagy barada gepleşik geçirýär, türkmen samboçylary Aziýa we Okeaniýa çempionatynda 21 medal gazandylar we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkony ýurduň Garaşsyzlyk güni mynasybetli gutlady. Türkmenistanyň döwlet Baştutany türkmen halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

2. Türkmenistanyň we Russiýanyň Gahrymany, kosmonawt-synagçy Oleg Kononenko Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa 60 ýaş toýy mynasybetli iberen gutlaglary üçin hoşallyk sözlerini beýan etdi. 1-nji iýunda HKS-iň bortunda ýubileýini bellän Kononenko üns we mähirli arzuwlar üçin hoşallyk bildirdi. 5-nji iýunda Kononenko kosmosda 1000 gün geçiren ilkinji adam boldy.

3. Türkmenistan Täjigistanda, Ýaponiýada we beýleki döwletlerde söwda öýlerini açmak boýunça gepleşikleri geçirýär. Türkmenistan bilen Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň, Orta hem-de Ýakyn Gündogar, Ýewropa we Latyn Amerikasy döwletleriniň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklar hem ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda okgunly ösdürilýär. Ykdysadyýeti sanlylaşdyrmakda we ony diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekde, hususy pudaga goldaw bermekde, üstaşyr ulag geçelgeleri ýaly wajyp ugurlarda bilelikdäki taslamalar üstünlikli amala aşyrylýar.

4. «Türkmenaragatnaşyk» agentligi Türkmenistanda sanly tehnologiýalary ösdürmek maksady bilen, «Sanly çözgüt — 2024» atly innowasion taslamalaryň bäsleşigini geçirýär. Bäsleşik 7 ugur boýunça geçiriler: emeli aň, robototehnika we awtomatizasiýa, akylly oba hojalyk tehnologiýalary, smart city, bilim we elektron okuw, sanly lukmançylyk, hyzmatlar ulgamy. Bäsleşige gatnaşyjylary bellige almak we oýlap tapmalary baradaky teklipler telecom.tm saýtynda elektron görnüşinde kabul ediler.

5. Maýa Kuliýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň okuwçysy Ylham Orazmämmedow abraýly halkara onlaýn bäsleşiginiň ýeňijisi boldy. Ol Ýewropanyň saz mugallymlary we ýerine ýetirijileri assosiasiýasy tarapyndan guralan 15-nji Bütindünýä açyk sazçylyk bäsleşiginiň fortepiano bölüminde I derejeli laureat derejesine mynasyp boldy. Ýaş pianinoçy mümkin bolan 100 utukdan 97,73 utuk toplap, ajaýyp ussatlyk görkezdi.

6. Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde uçurymlary sylaglamak dabarasy geçirildi. Bu ýyl 600 töweregi ýaş hünärmen bu ýokary okuw mekdebini tamamlady, olaryň köpüsi tapawutlanan diplomlaryň eýeleridir.

Dünýäde

7. Şweýsariýadaky Lozanna uniwersitetiniň gözlegçiler topary garynjalaryň hem adamlar ýaly öz ýoldaşlaryny halas etmek üçin lukmançylyk amallaryny geçirmäge ukyplydyklaryny ýüze çykardylar. Gözegçilik mör-möjekleriň garyndaşlarynyň aýaklaryndaky zeperlenmeleri tanap, olary arassalamak ýa-da kesmek arkaly bejerip bilýändigini görkezdi. Alymlar munuň mör-möjekleriň arasynda ulgamlaýyn amputasiýanyň ilkinji ýüze çykarylan mysalydygyny bellediler.

8. Hytaýyň Hubeý welaýatynda Sin familiýaly 90 ýaşly bir aýal, el granatyny asyl maksadyndan bihabar, 20 ýyllap öý guraly hökmünde ulanýar. Sin takmynan ýigrimi ýyl mundan ozal öz melleginde «agaç tutawaçly geň metal zady» tapdy. Ony elde ýasalan çekiç hasaplap, bu tapyndyny öý hojalygynyň dürli zerurlyklary üçin ulanyp başlady: hoz döwmek, burç üwemek we çüý kakmak. Onuň hakyky maksady ýaňy-ýakynda köne jaýy ýykýan işçiler ony el granady diýip kesgitlänlerinde ýüze çykdy. Şol döwrüň dowamynda pensioner her gezek janyna howp salýan howply söweş snarýadyny ulanypdyr

Sport habarlary

9. Türkmenistanyň türgenleri Makaoda geçirilen sambo boýunça Aziýa we Okeaniýa çempionatynda 21 medal gazandylar. Bäsleşige 20 ýurtdan türgenler gatnaşdy. Medallaryň sany boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy 2 altyn, 6 kümüş we 13 bürünç baýrak bilen üçünji orny eýeledi. Aziýanyň we Okeaniýanyň Sambo bileleşiginiň başlygy Alamžon Mullaýew ýaryşyň ýokary derejede guralandygyny we medal gazananlaryň geografiýasynyň giňelýändigini aýtdy.

10. Sişenbe güni Germaniýada geçirilýän futbol boýunça Ýewropa çempionatynyň çärýek finalynyň soňky gatnaşyjylary kesgitlenildi. Türkiýe Awstriýanyň toparyny 2:1 hasabynda, Niderlandlaryň milli ýygyndysy bolsa Rumyniýanyň toparyny 3:0 hasabynda ýeňdi. 6-njy iýulda Berlinde geçiriljek çärýek finalda Türkiýäniň milli ýygyndysy Niderlandlaryň topary bilen duşuşar.

11. Suwda ýüzmek boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy Gruziýanyň Gara deňziň kenaryndaky kurort şäheri Batuminiň sport toplumynda okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýär. Milli ýygyndynyň uly tälimçisi Dmitriý Nowikowyň hem-de Sportuň gyşky we suw görnüşleri mekdebiniň tälimçisi Mark Pilýuginiň ýolbaşçylygyndaky 12 türgen halkara ýaryşlaryna taýýarlanýar. Ýygnanyşyk 10-njy iýula çenli dowam eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň