Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

2-nji iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

13:2502.07.2024
0
10984

Türkmenistanda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýyna garaldy, Türkmen döwlet uniwersitetinden Arkadag atly ýyldyzy görmek bolýar, Türkmenistanyň telekeçileri üçin pensiýa gatançlaryny tölemegiň döwri başlandy we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyny geçirdi, onda häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işlerine garaldy. Bellenilişi ýaly, ýurtda galla oragy batly depginde dowam edýär. Ýygnan galla hasyly kabul ediş nokatlaryna iberilýär we daýhanlar hasaplaşyklar geçirilýär. Orakdan boşan meýdanlar indiki ekiş möwsümine taýýarlanylýar.

2. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Pegas ýyldyzlar toparyna degişli ýyldyzlaryň birine «Arkadag» adynyň dakylandygy baradaky güwänamany gowşurmak dabarasy geçirildi. Köpçüligi ýyldyz baradaky maglumatlar bilen tanyşdyrmak üçin uniwersitete teleskop we asman jisiminiň suratlary hem berildi.

3. Türkmenistanyň Pensiýa gaznasy telekeçilere 2024-nji ýylyň I ýarym ýyly üçin pensiýa gatançlaryny tölemek boýunça hasaplaşyk döwrüniň başlanandygyny habar berýär. Kanuna laýyklykda, gatançlar 15-nji awgusta çenli tölenmelidir.

4. Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi Türkmenistanda tanymal hindi şahyry we filosofy Rabindranat Tagoryň heýkeliniň açylmagynyň öz ýurdy üçin uly hormatdygyny aýtdy.

5. Türkmenistan Eýrandaky «Reşt-Kaspian» demir ýolunyň üsti bilen harytlaryny üstaşyr daşap başlaýar. Eýýäm geljek hepdeden Türkmenistan degişli ugur boýunça kükürdi üstaşyr iberip başlar. Ýük Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portundan Eýranyň Kaspian portuna eltiler, soňra ol ýerden demir ýoly arkaly Eýranyň çäginden geçer.

6. Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti Buharest şäherinde ÝHHG-niň çärelerine gatnaşdy. Duşuşyga parlamentariler, ÝHHG-ä agza ýurtlaryň we birnäçe halkara guramalaryň wekilleri ýygnandylar. Gatnaşyjylar guramanyň sebitindäki howpsuzlyk, hyzmatdaşlyk we demokratiýa bilen baglanyşykly köp sanly meseläni ara alyp maslahatlaşdylar.

Dünýäde

7. Germaniýanyň on alty federal ştatyndan dokuzy düzümine şeker goşulan ähli alkogolsyz içgilere salgyt girizmek başlangyjyny öňe sürdüler. Munuň sebäbi bu içgilerdäki şekeriň mukdarynyň aşa köp bolmagydyr. Şekerli içgileri içmek köp sanly saglyk meselelerini döredýär, bu esasanam çagalarda köp ýüze çykýar. Gözleg ýakyn 20 ýylda şeýle içgilere salgyt girizmegiň 2-nji görnüşli diabetiň, ýürek-damar keselleriniň we semizligiň ep-esli azalmagyna sebäp bolup biljekdigini ýüze çykardy.

8. Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow saglygy goraýyş işgärleriniň zähmet haklaryny ýokarlandyrmak hakynda Permana gol çekdi. 2024-nji ýylyň 1-nji sentýabryndan aşakdaky üýtgeşmeler güýje girer: lukmanlaryň aýlyk zähmet haky 50%, orta hünär derejeli işgärleriňki 20%, kiçi hünär derejeli işgärleriň we tiz kömek ulaglarynyň sürüjileriniň zähmet haklary bolsa 10% ýokarlanar.

Sport habarlary

9. Kant şäheriniň «Abdyş-Ata» topary Gyrgyzystanyň futbol çempionatynyň 13-nji tapgyrynda öz meýdançasynda «Neftçini» ýeňdi. Duşuşyk 4:0 hasabynda tamamlandy. Süleýman Muhadow oýunçyny çalşyp meýdança çykdy we 89-njy minutda oýnuň iň soňky pökgüsini tora girizdi.

10. Duşenbe güni Germaniýada geçýän futbol boýunça Ýewropa çempionatynyň ýene iki oýny boldy. Portugaliýanyň milli ýygyndysy penalti tapgyrynda Sloweniýanyň toparyny ýeňdi. Oýnuň esasy we goşmaça wagty 0:0 hasabynda deňme-deň tamamlandy. Birinji goşmaça wagtyň soňky minutynda Kriştianu Ronaldu penaltini dürs ýerine ýetirip bilmedi, Sloweniýanyň derwezebany Ýan Oblak topy serpikdirmegi başardy. 1/8 finalyň başga bir oýnunda Fransiýanyň milli ýygyndysy Belgiýanyň toparyndan 1:0 hasabynda üstün çykdy. 85-nji minutda Belgiýanyň goragçysy Ýan Wertongen topy öz derwezesine girizdi. Fransuzlar çärýek finalda Portugaliýanyň milli ýygyndysyna garşy oýnarlar. Duşuşyk 5-nji iýulda Gamburgda geçiriler we Aşgabat wagty bilen 23:50-de başlar. Ýewropa çempionaty 14-nji iýulda tamamlanar. Häzirki çempion, Italiýanyň milli ýygyndysy 1/8 final tapgyrynda Şweýsariýadan 0:2 hasabynda utulyp, ýaryşdan çykdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň